Новости министерства

23.11.2015 г.

Принят Государственный бюджет Туркменистана на 2016 год

Меджлис Туркменистана единогласным решением 21 ноября 2015 года принял основной финансовый документ страны - Закон «О Государственном бюджете Туркменистана на 2016 год».

Одна из основных задач Государственного бюджета Туркменистана в 2016 году - продолжение диверсификации экономики, институциональных преобразований, осуществляемых под мудрым руководством Глубокоуважаемого Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова, обеспечение взаимосвязи макроэкономической политики и приоритетов бюджетной политики, ориентированных на достижение целей социально-экономического развития страны, определенных в «Национальной программе социально - экономического развития Туркменистана на 2011-2030 годы», «Программе Президента Туркменистана по социально-экономическому развитию страны на 2012-2016 годы», целевых, отраслевых и региональных программах.

Важным направлением бюджетной политики в 2016 году является социальная направленность бюджетных расходов, их своевременность и целенаправленность. В Государственном бюджете страны предусматривается повышение на 10% заработной платы, пенсий, государственных пособий и стипендий. Благодаря этому значительно возрастет уровень благосостояния туркменских граждан. Увеличатся расходы бюджета на проведение мероприятий, связанных с реформами в сфере образования, здравоохранения.

В Государственном бюджете Туркменистана на 2016 год учтены направления дальнейшего повышения эффективности производства и внедрения передовых технологий, активизация конкурентных преимуществ экономики Туркменистана, эффективное использование инвестиций, создание новых производств и новых рабочих мест. Особое внимание уделено формированию современной инфраструктуры во всех регионах Туркменистана, совершенствованию социальной сферы, обеспечению благоприятных условий для жизнедеятельности граждан страны. За счет осуществления оперативного реагирования на внешние вызовы и адаптации к изменениям экономической конъюнктуры в условиях, когда мировая экономика находится на пути к замедленному росту, в Туркменистане будет и дальше обеспечен достаточно высокий и устойчивый экономический рост, финансовая и социальная стабильность.


Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurduň esasy maliýe resminamasy, ýagny „Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda“ kanuny biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasy wezipeleriniň biri hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan institusional özgertmeleri dowam etmek, „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda“, „Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda“, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň we býujet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmek bolup durýar.

2016-njy ýylda býujet syýasatynyň möhüm ugry býujet serişdeleriniň durmuş ugry, olaryň öz wagtyndalygy we maksada gönükdirilendigi bolup durýar. Ýurduň Döwlet býujetinde zähmet hakyny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10% ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde türkmen raýatlarynyň hal-ýagdaýy ep-esli ýokarlanar. Bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özgertmeler bilen bagly çäreler üçin býujet serişdeleri artdyrylar.

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde önümçiligiň netijeliligini mundan beýläk ýokarlandyrmagyň ugurlary we öňdebaryjy tehnogiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsleşik ukyplaryny işjeňleşdirmek, maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, täze önümçilikleri we täze iş ýerlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde häzirki zaman amatlyklaryň emele getirilmegine, ýurduň raýatlarynyň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Daşarky wehimlere dessin seslenmegiň we dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallan şertlerinde ykdysady ýagdaýdaky üýtgemelere uýgunlaşmagyň hasabyna Türkmenistanda mundan beýläk hem ýeterlik derejede ýokary we durnukly ykdysady ösüş, maliýe we durmuş taýdan durnuklylyk üpjün ediler.

Адрес министерства

 744000, Туркменистан,
   г. Ашгабат, ул. 2008, 4.

 Тел: (993 12) 51-05-63

 Факс: (993 12) 51-08-41

 Почта: omeft@online.tm