Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (18.08.2017)

1 LOT № 81.
Çiller ulgamynda, basyş güýji bilen işleýän nasoslarynda we ýangyn söndüriji enjamlarynda bejeriş işlerini geçirmek maksady bilen, ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

2 LOT № 82.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirligine degişli emläkleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

3 LOT № 83.
Daşoguz we Mary Döwlet athanalarynda ösdürilip ýetişdirilýän atlaryna zerur gerek bolan ýorunja bedesiniň we arpanyň ýyllyk göz öňünde tutulan möçberini satyn almak.
Satyn alyjy: "Türkmen atlary" döwlet birleşigi.

4 LOT № 86.
Ýangyn-gorag habar beriş tehniki serişdelerini gurnamak we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy (Buýrujy): Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy.

5 LOT № 89.
Kompýuterleri we olaryň goşmaça enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe ministrligi.

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi 43A otag tel. 39-43-10; 39-43-12