Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (30.09.2017)

1 1 LOT № 77.
Suw sorujy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

2 LOT № 81.
Çiller ulgamynda, basyş güýji bilen işleýän nasoslarynda we ýangyn söndüriji enjamlarynda bejeriş işlerini geçirmek maksady bilen, ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

3 LOT № 82.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirligine degişli emläkleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

4 LOT № 83.
Daşoguz we Mary Döwlet athanalarynda ösdürilip ýetişdirilýän atlaryna zerur gerek bolan ýorunja bedesiniň we arpanyň ýyllyk göz öňünde tutulan möçberini satyn almak.
Satyn alyjy: "Türkmen atlary" döwlet birleşigi.

5 LOT № 86.
Ýangyn-gorag habar beriş tehniki serişdelerini gurnamak we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy (Buýrujy): Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy.

6 LOT № 89.
Kompýuterleri we olaryň goşmaça enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe ministrligi.

7 LOT № 90.
Gyzgyn deformirlenen sepsiz polat we asbest turbalary, elektrotehniki we gözegçi ölçeýiş enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

8 LOT № 91.
Barlag-ölçeg esbaplary, suw sorujynyň salnigini, freon, çiller üçin "Ýork" kysymly ýaglary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

9 LOT № 99.
Elektrik enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

10 LOT № 101.
2(iki) sany potologa dakylma görnüşindäki MDV kysymly, 76000 BTU-lyk sowadyjy enjamyny, onuň gurnama-sazlama işleriniň toplumyna girýän mis turbalary, izofleksi, elektrik kabelini, plastiki turbalary satyn almak we oturtmak işlerini geçirmek.
Satyn alyjy (Buýrujy): Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi.

11 LOT № 104.
Mebelleri we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

12 LOT № 105.
Kompýuter programma üpjünçiligi gurnamak,degişli elektron maksatnama üpjünçiligini döretmek we web sahypasyny täzeden döretmek satyn almak we işlerini geçirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

13 LOT № 106.
Kompýuter enjamlaryny satyn alamak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

14 LOT № 108.
Saglygy goraýyş Anyklaýyş merkeziniň ýyladyş ulgamy üçin gaztehnikaly bug gazanyny satyn almak hem-de goýberiş-sazlaýyş we düzgünli-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligi.

15 LOT № 111.
Awtoulaglaryň tekerlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi 43A otag tel. 39-43-10; 39-43-12