MINISTRLIK BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Permanyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky „Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň meseleleri hakynda“ kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň binýadynda döredildi.
Täze ministrlikde döwlet maliýesi wezipeleri aňrybaş derejede jemlenildi. Ministrlik maliýe, býujet, salgyt, ätiýaçlandyryş, auditorçylyk işi, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamynda döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi hem-de kadalaşdyryş hukuk taýdan düzgünleşdirmegi amala aşyrýar.
Maliýe ministrliginiň esasy wezipesi döwlet maliýesini guramak we dolandyrmak bolup durýar.
Döwletiň oýlanyşykly býujet syýasatyny alyp barmak, Türkmenistanyň Döwlet býujetini ýerine ýetirmegiň netijeliligini dessinligini (operatiwlik) ýokarlandyrmak, býujet serişdeleriniň maksada laýyk we tygşytly peýdalanylyşyna degerli gözegçiligi amala aşyrmak, döwletiň içerki bergisine öz wagtynda hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky kararynyň esasynda ozalky Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň düzüminde hereket eden Gaznaçylyk müdirligi döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky kararynyň esasynda şu müdirligiň wezipeleri býujet çykdajylaryny amala aşyrmaga bildirilýän täze talaplara laýyk getirildi.
Gaznaçylyk býujet toparlanmasynyň degişli bölekleri boýunça bölünip berlen serişdeleriň çäklerinde bujet serişdeleriniň sarp edilişine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň býujetden daşary serişdeleriniň emele getirilişine we olaryň tassyklanan çykdajy sanawlaryna laýyklykda peýdalanyşyna gözegçilik edýär. Her günde, gelip gowşan serişdeleri we geçirilen çykdajylary aýdyňlaşdyrmak bilen, Döwlet býujetiniň, şol sanda merkezleşdirilen býujetiň girdejileri we çykdajylary boýunça dessin hasabatlary düzýär. Mundan başga-da her günüň jemleri boýunça zähmet hakynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň tölenişi barada ýolbaşçylara maglumat berilýär. Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary hem-de ähli derejelerdäki býujet sarp edijileriniň maliýe ýagdaýlary baradaky giňişleýin ýarym aýlyk we aýlyk hasabatlar býujet işini görkezýän görkezijileri öz içine alýar. Ministrligiň gözegçilik wezipelerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 5-nji martyndaky „Döwlet maliýe gözegçiligini güýçlendirmek hakynda“ karary bilen Ministrligiň Gözegçilik-derňew müdirligi hakynda düzgünnama tassyklandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky karary bilen onuň wezipelerine düzediş girizildi. Gözegçilik-derňew miüdirliginiň wezipeleri şu görnüşde kesgitlendi: býujet serişdeleriniň peýdalanyşyna, pul serişdeleriniň we haryt-maddy gymmatlyklaryň peýdalanyşyna, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we hasabatlylygy alyp barmagyň tertibiniň berjaý edilişine, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda we guramalarda döwletiň ykdysady bähbitleriniň üpjün edilişine döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak.
Ministrligiň düzüminde 17 müdirlik we bölümler bar. Ministrligiň düzümine bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirlikleri, şeýle hem 66 sany şäher we etrap maliýe bölümleri girýär.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we onuň sebitlerdäki birlikleri öz işinde, birinji nobatda, Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine esaslanýar we öz işini beýleki ministrlikler we pudak edalary, ýurduň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen özara hereket etmek arkaly amala aşyrýar.