Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

13.05.2017
Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna, eýranly işewürler toparynyň wekilleri bolsa tehniki kükürde (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan we BAE-den, Türkiýeden gelen telekeçiler boýalan flanel matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy

06.05.2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

05.05.2017
Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesini hemişe belent tutarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogy we medaly bilen sylaglandy

27.04.2017
Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.
Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň VII mejlisiniň barşynda geçi rildi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragy bina edilýär

25.04.2017
Innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesininiň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylyp, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň esasy ugrudyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherini gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragyny bina etmek göz öňünde tutuldy. Paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýokary derejeli jaýlary gurmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Häzirki wagtda hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri kottej şäherçesini gurmagyň esasy buýrujylary hem-de paýly gatnaşyjylar bolup durýar. Bu ýerde býujet serişdelerini ulanmazdan eýýäm täze görnüşli ýaşaýyş jaýlaryň toplumy döredildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady, ekologiýa we medeniýet meselelerine garaldy

21.04.2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar hakynda aýtdy. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

20.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň meselelerine we resminamalaryň taslamalaryna garaldy

14.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy

07.04.2017
“Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi

05.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS