2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.
Şol desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menzili, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy we beýlekiler bar.
Ýylyň täze gurluşyklarynyň arasynda umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlary, köp sanly mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş pudagynyň desgalary hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalar ulanmaga tabşyryldy.

TDH