Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşy

Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!
Biziň çakylygymyzy kabul edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegim mynasybetli geçirýän şu dabaraly çärämize gatnaşýandygyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!!!
Häzir biz örän dabaraly we ýatdan çykmajak, şol bir wagtyň özünde hem aýratyn jogapkärli pursady başdan geçirýäris. Şu pursatdan başlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda Prezident dolandyryşynyň täze möhleti başlanýar.
Şu tolgundyryjy pursatda, men Garaşsyz Watanymyzyň parasatly we merdana halkyna kalbymyň töründen çykýan minnetdarlyk sözlerimi aýdasym gelýär.
Mähriban halkym meni Türkmenistanyň Prezidentiniň belent wezipesine täze möhlete saýlap, maňa örän uly ynam bildirdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan adamlara hem tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Olaryň ählisi saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin köp yhlas etdiler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsleşik döwrüniň ähli tapgyrlaryny medeniýetli we ýokary tutanýerlilik görkezip geçdiler. Netijede, özleriniň ýolbaşçy bolmaga mynasypdygyny görkezdiler.
Olar şu döwürde has-da taplandylar we durmuş tejribesini topladylar. Saýlawlaryň öňýanynda toplan tejribeleriniň geljekde alyp barjak işlerinde olara örän peýdaly boljakdygyna berk ynanýaryn!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Garaşsyz Türkmenistan şu gün öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar. Biz bu döwri ýurdumyzda yzygiderli ösüşiň we giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň döwri hökmünde kesgitledik.
Biz mähriban halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, bereketli topragymyza Allatagalanyň eçilen tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, jemgyýetimiziň gymmatly hazynasy bolan, ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini üpjün eden jebislige, asudalyga we agzybirlige esaslanyp, ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan ajaýyp üstünliklerimizden ruhlanyp, öz öňümizde täze, has uly wezipeleri goýduk.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde men geçen ýylyň 25-nji dekabrynda telewideniýe boýunça eden maksatnamalaýyn çykyşymda Garaşsyz Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda öňümizde durýan örän jogapkärli we belent wezipeler barada öz garaýyşlarymy giňden beýan etdim. Amala aşyrmaly, innowasion ösüşe, ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýan giň gerimli işlerimiziň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitledim.
Bu wezipeleriň esasy maksady Türkmeniň sarsmaz döwletiniň binýadyny öňküden-de berkitmekden, halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly adamlar!
Biziň Garaşsyz döwletimiz indi 21 ýyldan gowrak wagt bäri halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip gelýär. Dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Ähli meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýär. Bu ýörelgeler mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, berkarar döwletimiziň daşary syýasy ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Şonuň üçin hem, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleri, ýagny Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar.
Biz dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdüreris.
Hormatly watandaşlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirmek üçin, uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işläris. Benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndüreris.
Türkmenistan ýangyç-energetika babatda goňşy döwletler, şeýle hem giň gerimli ykdysady gatnaşyklary alyp barýan beýleki ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam eder.
Bu ugurda «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmagyň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Bu bolsa, ýurdumyza köp möçberde girdeji bermekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.
Türkmenistan uglewodorod serişdelerinden başga-da, beýleki baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedir. Ýurdumyzyň ýerasty känlerinde Mendeleýewiň elementler ulgamyna girýän metallaryň ählisi diýen ýaly bar.
Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, awtomobil we demirýol ulgamlarynyň bolmagy bu känleri özleşdirmegi, tebigy baýlyklary gazyp almagy we gaýtadan işlemegi ýeňilleşdirýär.
Şundan ugur alyp, biz ägirt uly ykdysady we tebigy mümkinçiliklerimizi halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna netijeli peýdalanmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.
Şonuň esasynda, bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlaryň halkara bazarlaryna çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň ykdysady usullaryny giňden ornaşdyrarys. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri giň gerim bilen öndüreris. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, elektron senagatyny döretmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.
Biz elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny işe girizmek boýunça işleri hem alyp bararys. Häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberleri özümizi we daşary ýurtlara iberilýän şu mahalky bar bolan ugurlary üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy bu energiýa mätäçlik çekýän goňşy döwletleriň halklarynyň durmuş derejesine hem oňyn täsirini ýetirer. Bu bolsa, biziň halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerini ösdürmegi üpjün eder.
Energiýa çeşmeleriniň adaty däl görnüşlerini – gün we ýel energiýasyny netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz bu ulgamlaryň ösüşine uly goldaw bereris.
Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny goldamaga we ösdürmäge ýardam bermegi men öz esasy wezipelerimiň biri diýip hasap edýärin.
Hormatly watandaşlar!
Geljek 7 ýylda biz: «Bilimli nesil – kuwwatly Watan!», «Medeniýet halkyň kalbydyr»!»,
«Il saglygy – ýurt baýlygy!» – diýen şygarlary goldanyp işläris.
Häzirki wagtda ylmy-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl.
Şonuň üçin hem, «Bilimli nesil - kuwwatly Watan!» diýen ýörelgeden ugur alyp, biz geljekde hem ýurdumyzda ylmy we bilimi giňden ösdürmek üçin ähli çäreleri göreris. Döwrebap çagalar baglaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini yzygiderli gurarys. Bilim-terbiýeçilik edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlarys. Bu edaralary häzirki döwrüň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün ederis. Täze ýokary okuw mekdeplerini açmaga we ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine aýratyn üns bereris.
Biz hemişe «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýen ajaýyp ýörelgä eýerip gelýäris. Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýäris.
Nesip bolsa, bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam ederis. Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä has giňden tanadarys.
Hormatly watandaşlar!
«Il saglygy — ýurt baýlygy!» diýen ýörelgäni goldanyp, biz «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagyny üpjün ederis. Eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini üstünlikli çözmäge ýardam bereris.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe uly üns bereris.
Häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Saglyk öýlerini we merkezlerini, hassahanalary, bejeriş-sagaldyş merkezlerini gurmak, şypahanalarymyzy giňeltmek, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dünýäniň meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri dowam ederis.
Biziň owadan daglarymyz, ümmülmez sähralarymyz, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimiz bar. Bu baýlyklarymyzy biz aýawly we netijeli ulanmalydyrys. Şu maksatdan ugur alyp, Köpetdagyň we Köýtendagyň, Sumbaryň gözel jülgelerinde, Bathyzyň goraghanaly ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgap hem-de Garagum derýalarynyň boýlarynda köp sanly dynç alyş merkezlerini gurup, adamlaryň syýahat edip, oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri dörederis.
Welaýat merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda her 40–50 kilometrden, ähli şertleri bolan dynç alyş merkezlerini — gür baglyga bürenen çaýhanalary, özboluşly kempingleri - çaklaň myhmanhanalary, awtoulaglara hyzmat edýän döwrebap merkezleri gurarys.
Hormatly watandaşlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, maşgala jemgyýetiň esasy binýady bolup durýar. Biz maşgalany maddy taýdan goldamak, onuň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek üçin zerur serişdeleri goýbereris.
Şäherlerde we etraplarda maşgalalary ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek biziň öňümizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Obalarda hem şäheriňkiden birjik-de kem bolmadyk mümkinçilikleri dörederis.
Şoňa görä-de, Oba Milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak esasy wezipelerimiziň biridir. Şu wezipeden ugur alyp, biz her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerimizi ýurdumyzyň sebitlerinde hem gowşamaýan depginde dowam ederis.
Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, döwrebap obadyr şäherçeleriň gurluşygyny giň gerim bilen alyp bararys.
Ilatly ýerlerde durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri açyp, zerur bolan gulluklaryň, halk senetçilik önümçiliginiň, şeýle hem ulaglara tehniki taýdan hyzmat edýän bölümleriň işini talabalaýyk ýola goýarys.
Nesip bolsa, «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, talabalaýyk dynç almagy we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertleri dörederis.
Ýurdumyzyň ilatynyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak biziň hemişe öňümizde duran möhüm wezipedir. Şu maksatdan ugur alyp, biz ilatyň jan başyna düşýän girdejini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek üçin zerur işleri geçireris. Zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, şeýle hem beýleki ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini hiç wagt ünsden düşürmeris.
Hiç bir maşgalanyň gün-güzeranynyň pese düşmegine ýol bermejekdigimize, ilatymyzyň hemişe döwletimiz tarapyndan goragly boljakdygyna siziň ähliňizi ynandyrasym gelýär.
Bu işler bilen birlikde, biz oba hojalygyna – ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge hem ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde serederis. Suw gorlarymyzy tygşytly we netijeli ulanmaga hemişe üns bereris.
Ýurdumyzyň ilatyny arzan azyk önümleri bilen üpjün etmek hem biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Şundan ugur alyp, ýokary hilli gök önümler hem-de miweler ýetişdirilýän ekerançylyk hem-de bagçylyk meýdanlaryny dörederis. Bazarlarymyzda we dükanlarymyzda harytlaryň bolçulygyny hemişe üpjün ederis, hyzmatlaryň gerimini giňelderis. Dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny yzygiderli artdyrarys.
Ata Watanymyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge uly üns bereris. Älem giňişligini özleşdirmek, täze emeli hemralary älem giňişligine çykarmak boýunça işleri dowam ederis. Bu bolsa, aragatnaşyk we teleradio ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge, halk hojalygynyň zerurlyklary üçin işleri ýerine ýetirmäge ýardam berer. Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze derejede dikeltmäge mümkinçilik döreder. Tutuş adamzat üçin uly ähmiýeti bolan bu işe biziň ýurdumyz hem öz mynasyp goşandyny goşmalydyr.
Netijede, biz halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam bereris.
Orta asyr türkmen alymlary ýurdumyzda güneşli günleriň köp bolýandygyndan peýdalanyp, Älemi öwrenmekde täsin açyşlary edip, dünýä ylmynyň ösmegine uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, biz hem älem giňişligini öwrenmek üçin ýurdumyzda dünýä derejeli obserwatoriýalar merkezini dörederis. Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdireris. Möhüm çözgütler kabul edilende, ilkinji nobatda, hökmany tertipde ýaşulular bilen maslahatlaşmak biziň halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däbidir.
Şundan ugur alyp, men döwletimiziň durmuşynda Ýaşulular maslahatynyň ornuny mundan beýläk hem pugtalandyrmagy göz öňünde tutýaryn. Şu maksat bilen, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulular maslahatynda biz Maslahat hakyndaky Düzgünnama Ýaşulular maslahatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak barada giriziljek düzedişlere serederis we olary Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürläris.
Men geljekde içeri we daşary syýasata degişli Türkmenistanyň Mejlisi ýa-da Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýän islendik möhüm çözgüdiň Ýaşulular maslahatynyň makullan ýagdaýynda güýje girjekdigini göz öňünde tutýaryn.
Biz ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryny pugtalandyrarys. Jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmek esasy wezipelerimiziň birine öwrüler.
Saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam bereris. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky ornuny has-da ýokarlandyrarys. Täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur işleri geçireris.
Ilatyň durmuş we hukuk taýdan goragly bolmagyny mundan beýläk-de berkitmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.
Sebäbi, biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýarys. Şonuň üçin hem, ilaty hukuk taýdan goldamagyň dürli usullaryny ulanarys.
Raýatlarymyzyň Konstitusiýada kepillendirilen hukuklaryny goramak boýunça işler dowam etdiriler. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ýakyn wagtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly edilen adalatçy (ombudsmen) öz işine başlar. Adalatçy raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň berjaý edişine gözegçilik eder.
Hormatly watandaşlar!
Size mälim bolşy ýaly, biz şu ýylyň güýzünde gözel paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçireris. Nesip bolsa, bu Oýunlary örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary ederis.
Hormatly watandaşlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki zaman dünýäsinde çylşyrymly wakalar ýüze çykyp dur. Terrorçylyk we neşe serişdeleriniň giňden ýaýramagy bütin adamzada we umumynsan gymmatlyklaryna uly howp bolup abandy. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň abadançylygyny hem-de halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmäge aýratyn üns bermelidiris. Şu maksat bilen, geljekde hem halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreş alyp bararys.
Bu ugurda halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederis. Milli goşunymyz, Harby-howa hem-de Harby-deňiz güýçlerimiz we serhet birikmelerimiz halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny goramagyň ygtybarly kepilidir. Şonuň üçin hem, diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzdan ugur alyp, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrarys. Hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmäge ýardam bereris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly saýlawçylar!
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:«Döwlet gonsa bolajagyň başynda,Hemaýaty — ili gerek daşynda» — diýip, jaýdar belleýşi ýaly, men mähriban halkym bilen, hormatly adamlar, siziň bilen el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, öňümizde goýan şu belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza, eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürjekdigimize berk ynanýaryn!
Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda ata Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana we mähriban halkyma beýik üstünlikler, nurana geljek garaşýar. Nesip bolsa, biz taryhy öçmejek gahrymançylyga beslenen merdana ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy yzygiderli baýlaşdyryp, şeýle hem ajaýyp däp - dessurlarymyzy dowam edip, türkmen topragynyň gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň ruhy galkynyşyny gazanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynam bilen öňe, öňe, diňe öňe gideris!
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen, işjeň gatnaşyp, maňa öz seslerini beren saýlawçylaryň ählisine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Siziň maňa bildiren bu uly ynamyňyza men ýokary baha berýärin. Bu ynamy eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrýan işlerim bilen ödemek üçin, ähli gujur-gaýratymy, bilimimi, tejribämi we ukyp-başarnygymy gaýgyrmajakdygyma sizi ynandyrýaryn!!!
Ata-babalarymyzyň «Ýoly ýörän ýeňer!» – diýen ajaýyp pähimi bar. Merdana halkymyzyň köp asyrlyk däplerinden gözbaş alýan çuň manyly bu sözleri bäş ýyl mundan ozal hem aýdypdym. Asyrlaryň synagyndan geçen bu dürdäne sözleri men şu ýerde ýene-de bir gezek gaýtalamagy makul bildim.
Biz merdana halkymyzyň çäksiz beýikdigine, ata Watanymyzy başymyza täç edip ýaşaýandygymyza buýsanmaga doly haklydyrys!!!
Men mähriban halkyma, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatyna, egsilmez mümkinçiliklerine, bagtyýar hem-de nurana geljegine berk ynanýaryn!
TDH