Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary bilen general - polkownik Ýaýlym Berdiýew goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine, general-maýor Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine, polisiýanyň general-maýory Isgender Mulikow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Amanmyrat Hallyýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi. Ýokary kazyýetiň başlygy B. Çaryýewe wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmek tabşyryldy. Polkownik Döwrangeldi Baýramow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenildi.
Gol çekilen resminamalara laýyklykda, polkownik Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine, polkownik Meýlis Nobatow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Muhammedow Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy - enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigini aýtdy.
TDH