Maliýe-ykdysady düzümleriň ýolbaşçylary gulluklaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň iş maslahatyna ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulmagy onuň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durnukly ösmegi üçin zerur şertdigi bilen baglanyşyklydyr.
Bu ulgamyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge uly üns bermegiň zerurdygy baradaky görkezmelerinden ugur alyp, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk üsti bilen öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellediler.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän diňe bir döwlet ähmiýetli däl, eýsem, halkara ähmiýetli möhüm taslamalar bilen baglylykda welaýatlaryň durmuş-ykdysdy taýdan işjeň ösüşi bilen baglanyşykly çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" göz öňünde tutulan ähli işleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
TDH