Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýyllyk 1 göterim we 5 göterim bilen ýeňillikli karzlar berler

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara-dahyllylara:
oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;
maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.
TDH