Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (26.05.2017)

1 LOT № 9.
Jaý ulanyş bölümine degişli ot söndürijiler toplumyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2 LOT № 10.
Jaý ulanyş bölümine degişli emläkler we gurluşyk materiallary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

3 LOT № 19.
Gökdepe etrabynyň Babarap daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän lagym suw arassalaýjy KOS-50 desgasyna hem-de Baharly etrabynyň Kirpili obasyndaky suw arassalaýjy desgasyny bökdençsiz işletmek üçin täze konteýner görnüşli dizel generatorlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

4 LOT № 22.
Harby gullukçylara gerek bolan emläkleri we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

5 LOT № 29.
Programma üpjünçilik işleri ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi.

6 LOT № 41.
Elektrik enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

7 LOT № 54.
Enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

8 LOT № 57.
Hojalyk we elektrik esbaplary, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri Işler ministrligi.

9 LOT № 62.
"Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 mᶟ bolan deňiz suwyny süýjediji desgasyny durnukly we bökdençsiz işletmek maksady bilen, enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi.

10 LOT № 68.
Kartrijleri we kartrijler üçin barabanlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirligi.

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 26-njy maýynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi 43A otag tel. 39-43-10; 39-43-12.