HALKARA INSTITUTLARY WE GURAMALARY BILEN ALNYP BARYLÝAN IŞLER

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Aşakda görkezilýän halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk Ministrligiň işiniň möhüm düzüm bölegi bolup durýar:

  • Halkara Pul gaznasy;
  • Bütindünýä bankynyň topary;
  • Aziýa Ösüş banky;
  • Yslam Ösüş banky;
  • Ýewropanyň Ösüş we özgerdiş banky we beýlekiler.

Halkara Pul gaznasy bilen Ylalaşygyň IV maddasy boýunça geňeşleriň çäklerinde her ýylda Türkmenistanyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça iki taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. Ministrligiň hünärmenleri HPG-nyň geçirýän okuw maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar.

Bütindünýä bankynyň topary bilen institusional ösüş we hyzmatdaşlyk strategiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça aýry-aýry taslamalar amala aşyryldy. Ministrlik BMG-nyň Ösüş maksatnamalarynyň, halkara donor guramalarynyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça taslamalaryna gatnaşýar.
Ýewropa Bileleşiginiň TASIS maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.


Main menu
Full_page | by MinFin