Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň tertibi

1. Şu Tertip Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda işlenip taýýarlandy we ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgär sanyny we zähmet haky goruny tassyklamagyň we ylalaşmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şular Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanýar:

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşy we işgar sany;

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, harby we hukuk goraýjy, prokuratura edaralarynyň, kazyýetleriň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän edaralaryň ýolbaşçylarynyň, olaryň orunbasarlarynyň hem-de müdirlikleriniň we esasy bölümleriniň başlyklarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri.

3. Ministrlikler, pudak edaralary we guramalar, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz merkezi edaralarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň hem-de olaryň tabynlygyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleriniň kärleri boýunça zähmete hak tölemegiň möçberlerini kesgitleýän zähmet haklarynyň (tarif möçberleri) çyzgydyny işläp taýyarlaýar hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyp bellenen tertipde tassyklaýar.

4. Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň merkezi edaralarynyň wezipe sanawlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan zähmet haklarynyň çyzgydyna laýyklykda, esasy hem-de hyzmat edýän işgärler (şol sanda sürüjiler) boýunça aýratynlykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylyp, olaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.

5. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp, merkezi edaranyň tassyklanan gurluşynyň we kesgitlenen işgär sanynyň çäklerinde esasy işgärleriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň wezipe sanawyna we zähmet haky goruna üýtgetmeleri girizmäge hukugy bardyr.

6. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgär sany hem-de wezipe sanawy olaryň ýolbaşçylary tarapyndan:

Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden maliýeleşdirilýän edaralarynyňky - ýokarda durýan ministrlikler, pudak edaralary hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen;

ýerli býujetlerden maliýeleşdirilýän edaralaryňky, guramalaryňky hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetinden ýardam alýan kärhanalaryňky - ýokarda durýan edaralar we Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň ýerlerdäki degişli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň müdirlikleri, etrap, şäher bölümleri bilen ylalaşylyp tassyklanýar.

7. Hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalaryň, guramalaryň, merkezi hem-de ýerli tabynlykdaky edaralaryň işgär sany we wezipe sanawy olaryň ýolbaşçylary tarapyndan:

merkezi tabynlykdakylaryňky - ýokarda durýan ministrlikler we pudak edaralary bilen;

ýerli tabynlykdakylaryňky - ýokarda durýan edaralar, kärhanalar we guramalar bilen ylalaşylyp tassyklanýar.

8. Jemgyýetçilik guramalarynyň we olaryň tabynlygyndaky düzüm birlikleriniň wezipe sanawlary:

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýänleriňki - öz tertipnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanýar hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we onuň ýerlerdäki degişli welaýat müdirlikleri, etrap, şäher bölümleri bilen ylalaşylyp tassyklanýar;

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden başga çeşmelerden maliýeleşdirilýänleriňki - öz tertipnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanýar hem-de tassyklanýar.

9. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wezipe sanawy, olaryň tabynlygyna garamazdan, bu ugurdaky degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň çyzgydyna laýyklykda işlenip taýýarlanýar.

Bilim edaralarynyň professor-mugallymlarynyň sany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan okuw meýilnamalaryna laýyklykda kesgitlenýär.

10. Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän hususy, bilelikdäki we döwlete degişli däl beýleki edaralaryň, kärhanalaryň işgär sany we zähmet haky gory şol edaralaryň, kärhanalaryň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar.

11. Hyzmat edýän işgärleriň sany Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenen kadalara laýyklykda kesgitlenýär.

Hyzmat edýän işgärler boýunça wezipe sanawlary aýratynlykda düzülýär.

12. Wezipe sanawlary düzülende:

1) işgärleriň wezipesi boýunça aýlyk wezipe haklary (tarif möçberleri) hem-de kanunçylykda bellenen aýlyk zähmet hakyna (tarif möçberlerine) goşmaça haklar we tölegler görkezilýär;

2) zähmet haky gorunda tölegleriň şu görnüşleri göz öňünde tutulýar:

aýlyk wezipe haklary (tarif möçberleri), potrat nyrhlary boýunça işgärlere hasaplanyp ýazylýan zähmet haky, önümleri (işleri, hyzmatlary) satmakdan alnan girdejiniň göteriminde zähmet haklary;

gazetleriň, žurnallaryň redaksiýalarynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wezipe sanawynda durýan işgärlere berilýän galam haklary;

işiň düzgünleri we zähmet şertleri bilen bagly öwezini dolma üçin tölegler:

a) zähmetiň aýratyn şertlerinde goşmaça tölegler we goşmaça haklar;

b) gijelerine işlenýän iş üçin goşmaça töleg;

ç) sürüjileriň zähmet hakyna goşmaça töleg;

d) dynç alyş günlerinde, işlenmeýän baýramçylyk we ýatlama günlerinde işlenen işe hak tölemek;

e) iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen işe hak tölemek; raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça wezipe sanawyndan daşary işe kabul edilýän adamlara hak tölemek;

işlenmedik wagt üçin hak tölemek;

zähmete hak tölemegiň pudaklaýyn ulgamynda göz öňünde tutulan beýleki tölegler.

Ýokarda agzalan tölegler zähmet hakynyň gorunda aýratyn setirde görkezilýär we goşulýan görnüş boýunça esaslandyrylan hasaplamalar bilen tassyklanmalydyr.

13. Kärler (wezipeler) utgaşdyrylanda we wagtlaýyn ýok işgäriň borçlary ýerine ýetirilende tölenýän goşmaça hak hem-de esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça işleýän adamlaryň zähmetine tölenýän hak wezipe sanawynda göz öňünde tutulan işgär sanynyň we zähmet haky gorunyň çäklerinde kesgitlenýär.

14. Möwsümleýin işlerde wezipe sanawlary her möwsüm üçin düzülýär we işgär sany möwsüme baglylykda bellenýär. Bu işlerde işgärleriň zähmet haky ýyllyk zähmet haky gorunyň çäklerinde kesgitlenýär.