Döwlet dolandyryş edaralarynyň merkezi edaralarynyň gurluşy we işgärleriniň wezipe sany hakynda düzgünnama

Şu Düzgünnama döwlet dolandyryş edaralary bolan ministrlikleriň, döwlet we milli komitetleriň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky edaralaryň, döwlet assosiasiýalarynyň, korporasiýalarynyň we konsernleriniň (mundan beýläk- ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary) merkezi edaralarynyň gurluşyny emele getirmegiň hem-de işgärleriniň wezipe sanyny kesgitlemegiň şertlerini düzgünleşdirýär.

I. Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň gurluşy

1. Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň gurluşy gurluş birlikleri bolan esasy uprawleniýäniň (departamenti), esasy bölümi, özbaşdak uprawleniýäni (bölümi), dolandyryş uprawleniýesini (departamenti), kiçi bölümi (bölümçäni) öz içine alýar.

Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň gurluş birliginiň düzüminde:

a) işi boýunça özara baglanyşykly bölümlerden durýan esasy uprawleniýe (departament) bolmalydyr.

Gurluşynda bölümler bolmadyk ýönekeý gurluşly esasy uprawleniýe (departament) pudagara (pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky) dolandyryş edarasy bolup durýan ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda döredilip bilner;

b) işi boýunça özara baglanyşykly kiçi bölümlerden (bölümçelerden) durýan esasy bölüm bolmalydyr. Aýratyn halatlarda esasy bölümiň düzüminde kiçi bölümler (bölümçeler) bolman biler;

ç) özbaşdak uprawleniýe (bölüm) bolmalydyr, onuň düzüminde kiçi bölüm (bölümçe) bolman biler;

d) diňe bölümiň düzüminde döredilýän kiçi bölüm (bölümçe) bolmalydyr.

2. Ministrligiň pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň anyk gurluşy öz işiniň gönükdirilen ugruna, şeýle hem sürüjileri, jaýy goraýan hem-de oňa hyzmat edýän işgärleri hasaba alyp, işgärleriň umumy sanynyň kanuny tertipde bellenilen möçberine baglylykda kesgitlenilýär.

Şunda döwlet we hojalyk dolandyryşynyň pudaklaýyn edarasy bolan ministrlikde, pudaklaýyn dolandyryş edarasynda eger onuň düzüminde işi boýunça özara baglanyşykly bölümler bar bolsa, esasy uprawleniýe (departament) döredilýär.

Gurluşy ýönekeý bolan esasy uprawleniýe (departament) pudagara (pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky) döwlet dolandyryş edarasy bolan ministrlikde, pudaklaýyn dolandyryş edarasynda döredilip bilner.

3. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi edarasynyň işgärleriniň wezipeleri kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň edara ediş – dolandyryş işgärleriniň Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar instituty hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan 1999-ýylyň 28-iýulynda tassyklanylan Bir bitewi sanawyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi edarasynyň işgärleriniň umumy sany Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.

Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi edarasynyň gurluş birliklerinde işgärleriň sany azyndan:

öz düzüminde bölümler bolan esasy uprawleniýede (departamentde) – ýedi adam;

bölümsiz esasy uprawleniýede (departamentde) - bäş adam;

esasy bölümde – dört adam;

uprawleniýäniň (departamentiň) düzümine girýän bölümde, özbaşdak bölümde – üç adam;

kiçi bölümde (bölümçede) – üç adam bolmalydyr.

Işgärleriniň sany üç adam bolan bölümde, kiçi bölümde (bölümçede) bölümiň, bölümçäniň (kiçi bölümiň) başlygynyň orunbasarynyň wezipesi göz öňünde tutulmaýar.

5. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi edarasynyň gurluşy bellenilen mahaly işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň wezipeleriniň sanynyň şu gatnaşygyndan ugur almaly:

a) uprawleniýeleriň (departamentleriň) gurluş birlikleriniň, bölümleriň, kiçi bölümleriň (bölümçeleriň) ýolbaşçylarynyň we ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň wezipeleri merkezi edaranyň işgärleriniň wezipe sanynyň 35 prosentinden köp bolmaly däldir;

b) ykdysady geňeşçileriň (geňeşdarlaryň) wezipeleri merkezi edaranyň işgärleriniň wezipe sanynyň 1 prosentinden köp bolmaly däldir;

ç) baş inženeriň, (ykdysatçynyň, energetigiň, geologyň, mehanigiň) wezipesi zerurlyga görä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp bellenilýär.

Sürüjileriň sany gulluk awtomobilleriniň çäkli möçberi boýunça tassyklanylan sanlaryna laýyklykda bellenilýär.

Hyzmat edýän pes wezipedäki işgärleriň sany Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan bellenilen kadalaşdyryjy ölçeglere laýyklykda hyzmat etmegiň kadalaryndan ýa-da iş orunlarynyň sanyndan ugur alnyp bellenilýär.

II. Zähmete hak tölemegiň şertleri

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zähmete hak tölenilýän toparlara degişli edilýär we olaryň ýolbaşçylarynyň wezipe aýlyk iş haklary bellenilýär.

7. Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň işgärleriniň zähmetine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň tassyklan wezipe aýlyk iş haklarynyň ülňüsine laýyklykda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wezipe sanawy bilen bellenilýän wezipe aýlyk iş haklary esasynda hak tölenilýär.

8. Wezipe sanawlary esasy düzüm we hyzmat edýän işgärler, şol sanda sürüjiler üçin aýratynlykda işlenilip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşylýar.

9. Wezipe aýlyk iş haklarynyň ülňüsinde görkezilmedik aýry-aýry wezipeler boýunça:

baş inženeriň (ykdysatçynyň, energetigiň, geologyň, mehanigiň) wezipe aýlyk iş haky ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň aýlyk iş hakynyň 80 prosenti derejesinde;

gurluş birliklerine ýolbaşçylyk edýän we garamagyndaky azyndan 5 edarada hasaba alyş işine hem-de hasabatlylyga usul öwrediş we guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk edýän we jemleýji buhgalteriýa hasabatyny merkezleşdirilen tertipde düzýän baş buhgalteriň wezipe aýlyk iş haky uprawleniýäniň (departamentiň, esasy bölümiň) başlygynyň aýlyk iş haky möçberinde, beýleki halatlarda bolsa özbaşdak bölümiň başlygynyň aýlyk iş haky möçberinde;

garamagyndaky azyndan 5 edarada hasaba alyş işine hem-de hasabatlylyga usul öwrediş we guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk edýän hojalyk bölüminiň, işgärler bölüminiň başlygynyň wezipe aýlyk iş haky özbaşdak bölümiň başlygynyň aýlyk iş haky möçberinde;

garamagyndaky edaralara ýolbaşçylyk etmeýän hojalyk bölüminiň işgärler bölüminiň başlygynyň, şeýle hem umumy bölümiň başlygynyň wezipe aýlyk iş haky baş hünärmeniň aýlyk iş haky möçberinde bellenilýär.

Iki wezipäni eýeleýän işgärlere (buhgaltere - kassire, kätibe-hat göçürijä we başgalara) wezipe aýlyk iş haky birinji wezipesi boýunça bellenilýär.

10. Anyk wezipe aýlyk iş haklary bellenilen mahaly işgäriň bilim, hünär derejesi we işjeňlik hil sypaty, işlän ýyllary hasaba alynýar hem-de şoňa baglylykda degişli hünärmeniň zähmetine hak tölemegiň wezipe aýlyk iş haklarynyň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanylan ülňüsi arkaly göz öňünde tutulan iň az hem-de iň ýokary derejäniň çäklerinde wezipe aýlyk iş hakynyň möçberi kesgitlenilýär.

11. Zerurlyk ýüze çykan mahaly ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylarynyň işgärleriň tassyklanylan wezipe sanynyň we zähmete hak tölemegiň gaznasynyň çäklerinde ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň merkezi edarasynyň gurluşyna üýtgetmeler girizmäge hukugy bardyr.

Şu Düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk halatlarda Türkmenistanyň kanunçylyk namalary ulanylýar.