“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň nyşany dünýäniň iň beýik depeleriniň biri – Abu Ali ibn Sina nokadyna çykaryldy

Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlarynyň nyşany Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerinde hem-de ýurdumyzyň her welaýatynyň ajaýyp ýerlerinde galdyryldy.
Indi ýurdumyzyň Baýdagy hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany Pamir daglaryna syýahatyň barşynda beýikligi 7134 metr bolan Abu Ali ibn Sina nokadyna çykaryldy.
Bu watançylyk çäresi Sagdyndygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlandy hem-de paýtagtymyzda geçiriljek giň gerimli ýaryşlary dünýä ýaýmaga gönükdirilendir. Bu ýaryşlara Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleri gatnaşarlar.
Dünýäniň alpinistrleriniň arasynda meşhur hem-de GDA giňişliginde beýikligi boýunça 3-nji orny eýeleýän bu dag belentligi Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň arasyndaky Çon-Alaýsk (Zaalaýsk) dag gerşinde ýerleşýär.
Tejribeli türkmen alpinistleriniň toparynyň düzümine Aşgabadyň “Agama” alpinistler klubynyň agzalary girip, olar ýedi müň metrlik dag belentligine—Han-Tengri nokadyna hem-de Abu Ali ibn Sina nokadyna, Eýrandaky bäş müň metrlik Demawend hem-de Ýewropanyň iň belent nokady -- Russiýa Federasiýasyndaky Elbrus dagyna üstünlikli çykmak tejribesine eýe boldular. Aşgabadyň etegindäki Köpetdag gerşine köpsanly ugurlar hem-de Köýtendagdaky däbe öwrülen gyşky daga çykmalar oňat tejribe mekdebi boldy.
Türkmenistandan Gyrgyzystana uzak ýoly geçip, biziň alpinistlerimiz Zaalaýsk jülgesindäki Açik-Taş esasy düşelgeden Abu Ali ibn Sina belentligine çykyp ugradylar. Dag gaýasynyň demirgazyk gerşi boýunça daga çykmagyň öňki ugry saýlanyp alyndy. Syýahatyň eýýäm ilkinji güni dagyň etegi türgenleri ýagyş hem-de doly bilen garşylady, şol belentlikden ýokarda bolsa gar ýagýardy. Ol alpinistleriň ýörejek ýolundaky dag eňňitlerini ak begrese örtüpdi.
Esasy düşelge deňiz derejesinden 3600 metr beýiklikde ýerleşýär. Оl Lebap welaýatyndaky Köýtendag gerşiniň Aýrybaba nokadyndan ýarym müň metre golaý beýikdir, ol ýerde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde ýokary çykaryldy.
2017-nji ýylda çäräniň barşynda Ahal welaýatynda hem Duşakerikdag gerşine (2482 metr) çykyldy. Balkan welaýatynda taslama gatnaşyjylar türkmen subtropiklerinden belentlikde ýerleşýän Günbatar Köpetdagyň Hasardag gerşine çykdylar.
Mary welaýatynda “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda hem-de ady rowaýata öwrülen, taryhy gadymy Murgabyň kenarlarynda dört müň ýyla golaý mundan öň başlanan Marguş ýurdunda boldular. Daşoguzda bolsa Türkmenistanyň çäklerindäki iň çuň ýerde—Akjagaýa çöketligine baryp gördüler. Bu ýerde aňrybaş bellikler dünýä ummanynyň derejesinden 81 metr aşakda bolan derejä baryp ýetýär.
Şeýlelikde, Aşgabat Aziýadasynyň nyşany watançylyk çäresiniň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde boldy, iň belent depesine-de çykdy, iň çuňňur ýerine-de baryp gördi. Diňe şundan soňra Ýer ýüzüniň iň belent depesiniň birine hem baryp ýetdi.
Biziň alpinistlerimiz Pamir dagyna çykmagy türgenleşiklerden we uýgunlaşdyryjy tälimlerden başladylar. Dag belentligine çykmazdan öň ýerine ýetirilen şeýle tälimler dag alpinizminde hökmany bolup durýar.
Daga uýgunlaşmanyň barşynda türgenlerimiz esasy düşelgeden (3600 metr) birinji belent düşelgä (4400 metr) geçdiler, şeýle hem esasy ugur boýunça buzlugyň aşaky bölegine baryp ýetdiler. Beýikligi 5100 metr bolan Ýuhin nokadyna türgenleşik tälimi hem üstünlikli geçdi.
Ikinji belentlikdäki düşelgä çykmak hakyky synaga öwrüldi, oňa alyp barýan ýol gar astynda gizlenip ýatan howply ýaryklardan ybarat bolan buzlugyň üstünden geçýärdi. Bu ýerde ätiýaçlandyryş tanaplary bilen ýöremeli bolýar, olar ýüze çykyp biläýjek howply ýagdaýda çuň ýaryklardan çykmaga kömek edip bilýär.
6100 metr belentlikde ýerleşen Razdelnyý dag gerşindäki üçünji düşelgä çenli uýgunlaşdyryş maksatnamasynyň çäklerinde hem daga çykmak üstünlikli boldy.
Biziň alpinistlerimiz uýgunlaşdyryş maksatnamasyny tamamlap, beýiklige uýgunlaşyp, esasy düşelgä bardylar. Birnäçe günden soň, türkmen topary Razdelnyý belentligine gaýtadan çykyp ugrady. Daga çykmagyň iň soňky we has ähmiýetli tapgyry – 7 müň metr belentlige döwletimiziň Tugyny hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşanyny çykarmak wezipesi durýardy.
Ugruň iň soňky bölegine ýarym gijeden soň, sagat ikide çykmak bellenildi. Gijäniň tümlügini çyranyň şöhlesi böwsüp, ol garyň galyň gatlagyna düşýärdi. Soňra aýyň şöhlesi ýoly ýagtyldyp, onuň şöhlesi ýoly geçmäge ýeterlikdi. Buz ýaly şemal demiňi tutýardy.
Ýiti gar “pyçagy” yzda galdy, onuň üsti bilen kert gaýanyň üstünden geçmelidi. Soňra gün şöhlesi aýazy birneme gowşatdy. Üsti tekiz belentlik kert bolmasa-da her bir ädim güýç-gaýraty talap edýärdi.
Ine-de, uzak garaşdyran, Pamiriň dag gerşindäki belentlik - 7134 metr belentlikde şemal alpinistrleriň elindäki ýurdumyzyň Baýdagyny hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolan Baýdagy pasyrdadýardy. Bu oýunlar ýene bir aýdan paýtagtymyzda geçirilip, Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 64-sinden güýçli türgenleri şeýle hem bosgunlar ýygyndy toparyny ýygnar.
TDH