Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli jinsi önümleri, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, buýan köküniň ergini ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýadan, BAE, Türkiýe, Litwa, Gruziýa we Ermenistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 44 million 71 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 472 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.
TDH