Başga ýere işe geçirilende berilýän kepillikler we öwezini dolmalar hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2009-njy ýylyň 25-nji awgustynda
çykaran 10606-njy karary bilen
tassyklandy

Başga ýere işe geçirilende berilýän kepillikler we öwezini dolmalar hakynda
DÜZGÜNNAMA

1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 148-nji maddasyna laýyklykda işlenip taýýarlandy we şahsy taraplaryň başga ýere işe geçmegi, kabul edilmegi ýa-da iberilmegi bilen bagly olara kepillikleri bermegiň we öwezini dolmalary tölemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Işgärler başga ýere işe geçirilende, eger bu başga ýere göçmek bilen bagly bolsa, şular tölenýär:

1) işgäriň we onuň maşgala agzalarynyň ýol kireýi (administrasiýa tarapyndan degişli ulag serişdeleri berilmedik ýagdaýda).

Işgäriň we onuň maşgala agzalarynyň bellenen iş ýerine gitmegi üçin ýol kireýi çykdajylarynyň öwezi jemgyýetçilik howa, demir ýol, suw we awtomobil ulaglarynyň (gatnaw ugry bolmadyk ýeňil taksi ulagyndan başga) ýol kireýiniň möçberinde, ýolagçy ýygymlaryny, şol sanda ulaglarda ýolagçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň töleglerini, ýol resmi namalaryny öňünden satmak boýunça hyzmatlaryň tölegini we ş.m. hem goşmak bilen, tassyklaýjy resmi namalary boýunça tölenýär.

Aýratyn halatlarda ýol çykdajylarynyň öwezi:

ýokary amatlykly, biznes-klas derejeli wagonlarda;

deňiz we derýa gämilerinde toplumlaýyn hyzmatly «lýuks» derejeli kaýutalarda;

howa ulagynyň biznes-klas derejeli petekleri boýunça gidilende, kärhananyň ýolbaşçysy bilen deslapdan ylalaşylyp, ýol resmi namalary esasynda dolunýar.

2) Emlägi daşamak boýunça çykdajylar.

Demir ýolda, derýa we deňiz gämilerinde hem-de jemgyýetçilik awtoulaglarynda, ýany bilen öý goşlaryny we beýleki emläkleri alyp gitmegiň möçberi işgäriň özüne 500 kilograma çenli we onuň bilen göçýän maşgala agzalarynyň her biri üçin 150 kilograma çenli bolanda çykdajylar tassyklaýjy resmi namalar boýunça tölenýär.

Agzalan ulag serişdeleri bolmadyk ýagdaýda, golaýdaky demir ýol menziline ýa-da derýa menzilinden iş ýerine çenli şol öý goşlaryny we beýleki emläkleri howa gämileri arkaly alyp gitmek bilen bagly çykdajylar tölenip bilner.

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän gulluk iş saparlary üçin göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, işgäriň we onuň maşgala agzalarynyň täze iş ýerine barýan ýolda geçilen döwür üçin gündelik harjy;

4) işgäre täze iş ýeri boýunça wezipe iş hakyndan (tarif stawkasyndan) ugur alnyp, ýola taýýarlanmak we täze ýaşaýan ýerinde ýerleşmek üçin gerek bolan günleri (alty günden köp bolmadyk), şeýle hem onuň ýolda bolan wagty üçin zähmet haky;

5) işgäre we onuň bilen gidýän her bir maşgala agzasyna birwagtlaýyn berilýän kömek puly tölenýär.

Täze iş ýeri boýunça işgäriň özüne bir aýlyk wezipe iş haky (tarif stawka) möçberinde birwagtlaýyn kömek puly we onuň bilen göçýän her bir maşgala agzasyna bolsa, işgäre tölenýän birwagtlaýyn kömek pulunyň dörtden biri möçberinde kömek puly tölenýär.

3. Deslapky ylalaşyk boýunça başga ýere işe gidýän işgärlere işe kabul etmek boýunça şu Düzgünnamanyň 2-nji bölüminiň 1-2-3-nji we 4-nji kiçi bölümlerine laýyklykda kepillikler berilýär we öwezini dolmalar tölenýär, şeýle hem taraplaryň ylalaşygy esasynda şu Düzgünnamanyň 2-nji bölüminiň 5-nji kiçi bölüminde göz öňünde tutulan möçberde kömek puly tölenip bilner.

4. Okuw mekdebini, aspiranturany, doktoranturany, kliniki ordinaturany tamamlap, guramaçylykly toplum ýa-da jemgyýetçilik çagyryşy tertibinde başga ýere (administratiw-territorial bölünişik boýunça ýazgyda duran ýerinden başga bir ilatly ýere) işe iberilmegi sebäpli gidýän şahsy taraplara şu Düzgünnamanyň 2-nji bölüminde göz öňünde tutulan kepillikler berilýär we öwezini dolmalar tölenýär.

5. Kömek puly töläp bolýan işgäriň maşgala agzalaryna äri, aýaly, çagalary, onuň eklenjinde we olar bilen bile ýaşaýan iki tarapyň hem ene-atalary girýär.

6. Öwezini dolma tölegleri boýunça ähli çykdajylary, şol işgäriň geçirilýän, kabul edilýän ýa-da iberilýän kärhanasy, edarasy ýa-da guramasy öz üstüne alýar.

7. Şu Düzgünnamanyň 2-nji bölümine laýyklykda, işgär başga ýere işe geçendigi bilen bagly tölenen serişdeleri doly möçberde şu ýagdaýlarda yzyna gaýtaryp bermäge borçludyr:

1) eger ol esassyz sebäplere görä işe gelmedik ýa-da işe başlamakdan ýüz dönderen bolsa;

2) eger ol işiniň kanunçylykda göz öňünde tutulan möhleti gutarýança ýa-da işe geçirilende, kabul edilende, ýa-da iberilende, kesgitlenen möhlete çenli, kesgitli möhlet bellenmedik ýagdaýynda, bir ýyl geçmänkä esassyz sebäplere görä öz islegi boýunça işden giden ýa-da kanunçylyga laýyklykda zähmet şertnamasyny ýatyrmaga esas dörän ýagdaýynda administrasiýanyň başlangyjy bilen işden çykarylan bolsa.

Işgär esasly sebäplere görä işe gelmedik ýa-da işe başlamakdan ýüz dönderen bolsa, onda ol ýol çykdajylaryndan başga tölenen serişdeleri gaýtaryp bermäge borçludyr.