Göçme we gatnaw häsiýetli işlerde goşmaça haky bellemek hakynda tertip

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2009-njy ýylyň 25-nji awgustynda
çykaran 10607-nji karary bilen
tassyklandy

Göçme we gatnaw häsiýetli işlerde goşmaça haky bellemek hakynda
TERTIP

1. Şu Tertip Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 122-nji maddasyna laýyklykda aýratyn zähmet şertlerinde göçme we gatnaw häsiýetli işlerde goşmaça haky bellemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertip guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem hususy telekeçiler (mundan beýläk-iş beriji) tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. Göçme häsiýetli işlerde goşmaça hak işgäriň işiň ýerine ýetirilýän ýerinden hemişelik ýaşaýan ýerine gündelik dolanyp gelmek mümkinçiligi bolmadyk şu aşakdaky ýagdaýlarda bellenýär:

iş berijiniň işi göçme häsiýetli bolup, onuň iş zerurlygy sebäpli ýygy-ýygydan dürli ýerlere göçýän ýagdaýynda;

işiň ulag serişdesiniň hereketi wagtynda ýerine ýetirilýän ýagdaýynda.

4. Işgäriň ýaşaýan ýerinden işiň ýerine ýetirilýän ýerine gitmek we yza dolanyp gelmek üçin gündelik iş wagtyndan daşary sarp edýän jemi wagtynyň iki sagatdan az bolmadyk ýagdaýlarynda gatnaw häsiýetli işlerde goşmaça hak bellenýär.

5. Göçme we gatnaw häsiýetli işleriň, kärleriň, wezipeleriň sanawy hem-de göçme we gatnaw häsiýetli işlerde bellenýän goşmaça haklaryň anyk möçberleri kärdeşler arkalaşygynyň guramalary bilen ylalaşylyp, iş berijiniň köpçülikleýin şertnamasynyň esasynda şu Tertibe laýyklykda kesgitlenýär.

6. Goşmaça haky bellemek göz öňünde tutulan göçme we gatnaw häsiýetli işleriň zähmet we dynç alyş düzgüni hem-de olaryň iş wagtyny hasaba almagyň tertibi kärdeşler arkalaşygynyň guramalary bilen ylalaşylyp, ministrlikler, pudak edaralary, guramalar we eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki kärhanalar tarapyndan şu Tertibe laýyklykda düzgünleşdirilýär.

7. Göçme we gatnaw häsiýetli işlerde bellenýän goşmaça hak öwezini doluş tölegi hasaplanýar we ol ortaça aýlyk zähmet hakynyň hasaplamasyna goşulmaýar.

8. Göçme we gatnaw häsiýetli işlerde ýa-da wahta usulynda işleýän işgäre bu işlere bellenýän goşmaça hakyň diňe bir görnüşi tölenýär.

9. Göçme we gatnaw häsiýetli işlerde bellenýän goşmaça hakdan başga, kanunçylykda bellenen beýleki goşmaça tölegler iş berijiniň öz ygtyýarynda galýan girdejisiniň hasabyna, kärdeşler arkalaşygynyň guramalary bilen ylalaşylyp, köpçülikleýin şertnama esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

10. Göçme häsiýetli işlerde goşmaça hak işgäriň işiň ýerine ýetirilýän ýerinde bolýan senenama günleri üçin onuň aýlyk wezipe hakynyň gündizki tarif stawkasynyň 30 (otuz) göterimine çenli möçberde (beýleki goşmaça haklary we tölegleri hasaba almazdan) bellenýär.

11. Göçme häsiýetli işlerde goşmaça hak işgäriň göçme häsiýetli işlerde goşmaça hakyň tölenmeginiň bellenen çäklerinde döwlet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän wagty üçin saklanyp galýar.

12. Işgäriň göçme häsiýetli işlerde goşmaça haky tölemek göz öňünde tutulmadyk desgalara iş saparyna giden wagtlaryna göçme häsiýetli işlerde goşmaça hak tölenmän, diňe gulluk iş sapary üçin gije-gündizlik töleg tölenýär.

13. Göçme häsiýetli işlerde goşmaça hak işgäriň işiň ýerine ýetirilýän ýerine çenli we gaýdyşyn ýolda geçirýän günleri, şeýle hem öz günäsi bolmazdan ýolda eglenen günleri üçin tölenmeýär. Ýolda geçirilen ýa-da eglenilen günler iş wagtynyň dowamlylygyna goşulmaýar we olar üçin işgäriň aýlyk wezipe hakynyň gündizki tarif stawkasy möçberinde öwezini doluş tölegi tölenýär.

14. Gatnaw häsiýetli işler üçin goşmaça hak, işgäriň ýaşaýan ýerinden işiň ýerine ýetirilýän ýerine gitmek we dolanmak üçin gündelik iş wagtyndan daşary sarp edýän jemi wagtynyň 3 (üç) sagatdan az bolmadyk ýagdaýlarynda onuň wezipe aýlyk hakynyň gündizki tarif stawkasynyň 20 (ýigrimi) göterimine çenli, 2 (iki) sagatdan az bolmadyk ýagdaýlarynda bolsa 15(on bäş) göterimine çenli möçberde (beýleki goşmaça haklary we tölegleri hasaba almazdan) bellenýär.

15. Gatnaw häsiýetli işlerde goşmaça hak diňe aýyň dowamynda hakyky gatnalan günler üçin tölenýär.