Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdalar 2017-nji ýylyň 21-nji dekabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjalary, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalarynyň sanawy.




№ t.b Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Desganyň görnüşi, (işiniň ugry, gurlan ýyly) Binalaryň meýdany, (inedördül metr) Başlangyç bahasy (manat) Hususylaşdyrmagyň
şertleri
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
1 Garabakewül etrap senagat kombinaty, Garabekewül etrabynyň Garabakewül şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 27-nji jaýy. Tikin önümlerini öndürmek
1970 ý.
1 964,90 1 522 962,00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
2 Ýolöteniň «Bezeg» tikin fabrigi, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň Tahyrow köçesi. Tikin önümlerini öndürmek
1987 ý.
2 425,30 2 528 494,43 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
3 “G.Atamyradowa” adyndaky tikin-trikotaž fabrigi, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Merw köçesiniň 2-nji jaýy. Tikinçilik önümlerini öndürmek
1992 ý.
4 154,61 1 048 142,36 Hususy eýeçilige satmak
4 Halkyň sarp edýän harytlary önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Baharly etrabynyň Baharly şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy. Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek
1978 ý.
3 410,97 2 558 310,3 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgasy
Lebap welaýaty
5 Kerki etrabynda gurluşygy tamamlanmadyk hammamyň desgasy, Kerki şäheriniň Köýtendag köçesi. Gurluşygy tamamlanmadyk desga,
1995-1996 ý.
415,00 135 564,80 Hususy eýeçilige satmak
6 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 1 gatly hammamy, Türkmenabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň  51-nji “A” jaýy. Услуги,
1980 ý.
203,00 113 751,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
7 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi. Darganata etrabynyň Gazojak şäheri, Sazakino demir ýol bekedi. Söwda işleri,
1978 ý.
569,00 35 130,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjalary
Mary welaýaty
8 «Garagum» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Garagum etrabynyň Aşgabat daýhan birleşigi Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek,
1991 ý.
1344,2 1 092 297,5 4325 sany (esaslyk maýasynyň 99,43 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
9 «Saýat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Saýat etrabynyň  Saýat şäheriniň B.Serdar köçesiniň 7-nji jaýy Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek,
1946 ý.
1 566,10 965 696,00 24373 sany (esaslyk maýasynyň 100 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
10 "Arzuw" maldarçylyk hojalygynyň Hojambaz etrabynyň "Gyzylgum" adyndaky daýhan birleşigiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy Mal ýatagy,
1970 ý.
988,00 59 289,60 Hususy eýeçilige satmak


Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar borçnamalary bilen birlikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-72/73/74/75
Änew şäherinde (+993 137) 3-30-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 5-41-75
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87