Köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilik hakyndaky mysaly şertnama

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2009-njy ýylyň 25-nji awgustda çykaran 10605 karary bilen
tassyklandy

Köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilik hakyndaky mysaly
ŞERTNAMA

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 233-nji maddasyna laýyklykda köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilik hakyndaky ýazmaça şertnama kärhana, gurama ýa-da edara bilen (mundan beýläk - Kärhana) Kärhananyň işgärleriniň arasynda olara berlen gymmatlyklary saklamak, işläp bejermek, satmak (goýbermek), daşamak, öndürmek boýunça işlerde ulanmak ýa-da başga hili peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň aýry-aýry görnüşleri işgärler tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen wagtynda, ýetirilen zyýan (zelel) üçin her bir işgäriň doly şahsy jogapkärçiligini anyk kesgitlemek we onuň bilen zyýany (zeleli) doly möçberde tölemek hakynda şertnama baglaşmak mümkin däl ýagdaýynda baglaşylýar.

(Kärhananyň ady)

maddy gymmatlygy saklamagy üpjün etmek maksady bilen Kärhananyň ýolbaşçysy
(familiýasy, ady, atasynyň ady)

bir tarapdan we köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilik babatda şertnama baglaşýan toparyň agzalarynyň adyndan toparyň ýolbaşçysy (mundan beýläk–Topar) beýleki tarapdan

(sehde, bölümde, bölümçede, seksiýada, ammarda we ş.m. eýeleýän wezipesi)

(familiýasy, ady we atasynyň ady)

bilen ______________________________________________________ işleri

(işleriň görnüşiniň ady)

ýerine ýetirmek üçin özüne berlen emläge we beýleki gymmatlyklara zyýan (zelel) ýetirilen ýagdaýynda Toparyň öz üstüne köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçiligi alýandygy hakynda şu Şertnamany baglaşdylar.

I. Umumy düzgünler

1. Köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilikli işleri guramagyň zerurlygy Kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan Kärhananyň kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen ylalaşylyp kesgitlenýär.

2. Kärhananyň köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçiligi bellemek hakyndaky Kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen ylalaşylan çözgüdi kärhananyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen resmileşdirilýär we umumy ýygnakda Topara habar berilýär.

Kärhananyň köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçiligi bellemek hakyndaky buýrugy (görkezmesi) Şertnama goşulýar.

3. Işgär köpçülikleýin (brigadalaýyn) maddy jogapkärçilik hakyndaky şertnamany baglaşmakdan boýun gaçyran halatynda onuň hünärine laýyk gelýän başga iş Kärhana tarapyndan oňa teklip edilip bilner.

Şeýle iş ýok bolsa ýa-da işgär özüne teklip edilen başga işden boýun gaçyrsa, ol hereket edýän kanunçylykda bellenen tertipde işden boşadylyp bilner.

4. Täzeden döredilýän Topary düzmek meýletinlik düzgüni esasynda amala aşyrylýar. Toparyň düzümine täze işgärler gelip goşulanda Toparyň agzalarynyň pikiri göz önünde tutulýar.

5. Topara ýolbaşçylyk etmek onuň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenýär.

Toparyň ýolbaşçysy Kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan bellenýär. Şunda Toparyň agzalarynyň pikiri diňlenýär.

Toparyň ýolbaşçysynyň wagtlaýyn ýok halatynda onuň borçlary Kärhana tarapyndan Toparyň agzalarynyň biriniň üstüne ýüklenýär.

6. Toparyň ýolbaşçysy çalşylan halatynda ýa-da Topardan onuň ilkibaşdaky düzüminiň ýarysyndan köp işgär işden giden bolsa, täze şertnama baglaşylmalydyr.

7. Toparyň düzüminden aýry-aýry işgärler işden giden ýa-da Topara täze işgärler kabul edilen halatynda täze şertnama baglaşylmaýar. Şeýle ýagdaýda Toparyň işden giden önki agzasynyň golunyň garşysynda onuň işden giden senesi görkezilýär, işe täze kabul edilen işgär bolsa, Şertnama gol çekýär we Topara goşulan senesini görkezýär.

II. Toparyň agzalarynyň hem-de Kärhananyň hukuklary we borçlary

8. Toparyň agzasynyň şulara hukugy bardyr:

a) maddy gymmatlyklary kabul etmäge gatnaşmaga we olaryň saklanyşyna, işlenip taýýarlanyşyna, satylyşyna (goýberilişine), daşalyşyna ýa-da önümçilikde peýdalanyşyna gözegçiligi bilelikde amala aşyrmaga;

b) Topara berlen maddy gymmatlyklary tükellemek işine gatnaşmaga;

ç) Topara berlen maddy gymmatlyklaryň hereketi we galyndylary hakyndaky hasabatlar bilen tanyşmaga;

d) zerur bolan halatynda Topara berlen maddy gymmatlyklary tükelleýiş işini geçirmegi talap etmäge;

e) Toparyň agzalaryny we ýolbaşçysyny Topardan çykarmak barada teklip bilen Kärhana ýüz tutmaga.

9. Toparyň agzasy şulara borçludyr:

a) maddy gymmatlyklara aýawly çemeleşmäge we zyýan çekilmeginiň öňüni almak üçin çäreleri görmäge;

b) bellenen tertipde hasap ýöretmäge, maddy gymmatlyklaryň hereketi we galyndylary hakyndaky hasabatlary düzmäge we olary öz wagtynda bermäge;

ç) maddy gymmatlyklaryň saklanyşyna howp döredýän ähli ýagdaýlar barada öz wagtynda Kärhanany habarly etmäge.

10. Kärhananyň şulara hukugy bardyr:

a) zerur bolan halatynda Topara berlen maddy gymmatlyklary tükelleýiş işlerini geçirmäge;

b) maddy gymmatlyklaryň saklanylyşy, işlenip taýýarlanylyşy, satylyşy (goýberilişi), daşalyşy ýa-da önümçilikde peýdalanylyşy barada Topara degişli görkezmeler bermäge;

ç) zerur halatynda kanunçylykda bellenen tertipde administratiw çäreleri görmäge.

11. Kärhana şulara borçludyr:

a) Topara maddy gymmatlyklaryň doly saklanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge;

b) Topara maddy gymmatlyklary saklamagy üpjün etmäge päsgelçilik berýän sebäpleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak üçin öz wagtynda çäreleri görmäge, ýetirilen zyýan (zelel) üçin günäkär adamlary ýüze çykarmaga we kanunçylykda bellenen tertipde jogapkärçilige çekmäge;

ç) Topary Kärhana ýetirilen zyýan üçin işçileriň we gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda hereket edýän kanunçylyk, şeýle hem gymmatlyklary kabul etmek, saklamak, işläp taýýarlamak, satmak (goýbermek), daşamak we önümçilikde ulanmak we hasaba almak boýunça hereket edýän kadalar bilen tanyşdyrmaga;

d) Topara berlen maddy gymmatlyklaryň hereketi hem-de olaryň galyndylary hakynda öz wagtynda hasap we hasabatlylygy ýöretmek üçin zerur bolan şertleri döretmek;

e) Kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde Toparyň agzalarynyň maddy gymmatlyklaryň tükelleýişini geçirmek baradaky talaplaryna garamaga;

f) Kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde Topardan çykarylmagy barada üstünden arz edilen işgäriň gatnaşmagynda arza garamaga we eger arza esaslandyrylan bolsa, ony Toparyň düzüminden çykarmak boýunça çäreleri görmäge hem-de hereket edýän kanunçylyga laýyklykda onuň mundan beýläk iş meselesini çözmäge;

g) Toparyň agzalarynyň maddy gymmatlyklaryň saklanmagyna howp salýan ýagdaýlar baradaky habarlaryna garamaga we şol ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin çäreleri görmäge.

III. Hasaba alşy we hasabatlylygy alyp barmagyň tertibi

11. Maddy gymmatlyklary kabul etmek, olaryň hasaba alnşyny ýöretmek we maddy gymmatlyklaryň hereketi hakynda hasabaty bermek Toparyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

12. Topara berlen maddy gymmatlyklaryň meýilnama laýyk tükellenilişi hereket edýän kadalarda bellenen möhletlerde geçirilýär.

Meýilnamadan daşary tükelleýş Toparyň ýolbaşçysy çalşan, Topardan onuň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi çykyp giden ýagdaýynda we Kärhananyň talaby ýa-da Toparyň bir ýa-da birnäçe agzalarynyň talaby boýunça hem geçirilip bilner.

13. Maddy gymmatlyklaryň hereketi we galyndysy hakyndaky hasabatlara Toparyň ýolbaşçysy we nobatlylyk tertibine laýyklykda Toparyň agzalarynyň biri tarapyndan gol çekilýär.

Hasabatyň mazmuny Toparyň ähli agzalaryna habar berilýär.

IV. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

14. Toparyň agzasyny maddy jogapkärçilige çekmek üçin, tükelleýiş resmi namasy bilen tassyklanan ýetmezçilik sebäpli ýetirilen maddy zyýan (zelel) esas bolup durýar.

15. Toparyň agzasyny maddy jogapkärçilige çekmek, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) emele gelşiniň sebäpleri tükelleýiş geçirilenden soňra, Toparyň agzasynyň ýazmaça beren düşündirişi, zerur bolan ýagdaýynda garaşsyz bilermenleriň gelen netijeleri hasaba alnyp, Kärhana tarapyndan amala aşyrylýar.

16. Topar tarapyndan Kärhana ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemek, şeýle hem onuň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

17. Birnäçe işgäriň günäsi bilen ýetirilen öwezi dolunýan zyýanyň (zeleliň) möçberi olaryň her biri üçin olaryň her biriniň günäsiniň anyk derejesiniň çekýän maddy jogapkärçiliginiň görnüşini we çägini hasaba almak bilen kesgitlenilýär.

Zyýanyň (zeleliň) meýletin öwezi dolunanda köpçüligiň (brigadanyň) her bir agzasynyň günäsiniň derejesi köpçüligiň (brigadanyň) ähli agzalary bilen iş berijiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça kesgitlenilýär. Zyýan (zelel) töletdirilende köpçüligiň (brigadanyň) her bir agzasynyň günäsiniň derejesi kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

18. Şertnama 20__-nj_ ýylyň «____»_____________ güýje girýär we Toparyň özüne berlen maddy gymmatlyklar bilen Kärhanada işleýän döwründe hereket edýär.

19. Şertnama iki nusgada taýýarlandy, onuň birinji nusgasy Kärhanada, ikinji nusgasy bolsa Toparyň ýolbaşçysynda saklanýar.

Gollar:

Kärhana_________________________________

Toparyň ýolbaşçysy________________________

Toparyň agzalary__________________________