Wideoşekilli iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we guramaçylyk meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly wezipelere hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi.
Şeýle hem häkim hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, şäher gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, desgalary, seýilgäh zolaklaryny döwrüň talabyna laýyk derejede saklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, häkimiň etraplardaky işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçilik çekýändigini, ilatyň zerurlyklary bilen gyzyklanmalydygyny, adamlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň jemagat gulluklarynyň işine ünsi çekip, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy, elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçiligi boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, T.Ataýewi Berkararlyk etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek, şeýle hem E.Mämmedowany Köpetdag etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä G.Myradowany bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz-meýdan işlerine öz wagtynda we guramaçylykly taýýarlamak, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda geçirmek, meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri güýçlendirmek, gök-bakja ekinlerini, ir-iýmişleri köpräk ekmek bilen baglanyşykly düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Ilatyň durmuş üpjünçiligi meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini ýola goýmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz etraplarda köpräk bolup, daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işler, ekinlere ideg edilişiniň derejesi we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen ýakyndan tanşyp durmagy häkimden talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda A.Nurgeldiýewi Bäherden etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow öz hasabatyny welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baradaky habardan başlady. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekin meýdanlaryndaky ýagdaýa ünsi çekip, welaýatyň etrap häkimlerinden talaby güýçlendirip, daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin olaryň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz geçirilmegi meýilleşdirilen ähli oba hojalyk çäreleriniň bellenilen möhletlerde öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny, munuň özi ýazky ekişiň netijeliligini üpjün etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatda gök-bakja ekinlerini we ir-iýmişleri köpräk ekmek boýunça ýörite meýilnamanyň taýýarlanmalydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Nazarowy Balkanabat şäheriniň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçilik meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy, hususan-da, adamlaryň netijeli zähmeti hem-de oňaýly dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek babatynda häkime anyk tabşyryklary berdi, oba hojalyk işleri ylmy görkezmelriň üýtgewsiz berjaý edilmegi bilen geçirilmelidir, şeýle hem ýerler gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine göwnejaý derejede taýýarlanylmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk barada aýtmak bilen, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň häkimine ýüzlenip, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýygy-ýygydan gyzyklanyp durmagy, daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işler, ekinlere ideg edilişi we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp durmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew möwsümleýin agrotehniki çäreleri geçirmegiň depginleri we welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, durmuş we ykdysady görkezijileri yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak, şunlukda, ekerançylygy ösdürmegiň öňdebaryjy hem-de ylmy usullaryny işjeň ornaşdyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň ýyladylmagy, olaryň elektrik energiýasy, gaz, suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdanlara aýlanyp, ekinlere ideg edilişiniň derejesi we Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen has ýakyndan tanşyp durmagy häkimden talap etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginiň gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginde möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda gök-bakja ekinleriniň, ir-iýmişleriň ekilýän meýdanlarynyň möçberlerini giňeltmek mümkinçiliklerini seljermek tabşyryldy.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ähli çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak we gyş möwsüminde zerur bolan durmuş üpjünçiliginiň derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende, agrotehniki kadalaryň we talaplaryň ählisiniň berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy we dürli ekinleri ekmek üçin meýdanlary giňeltmek bilen baglanyşykly häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň ýolbaşçylarynyň ilat bilen gürrüňdeş bolup durmagynyň möhüm ähmiýetini nygtap, häkimden adamlaryň arasynda köpräk bolmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp durmagy talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň ýyladylyş meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz B.Ataýewi Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine, G.Hallyýewi Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine, şeýle hem A.Soltanowy Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dowamly gürrüňdeşligiň jemlerini jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösüşiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
TDH