Doly şahsy maddy jogapkärçilik hakynda mysaly şertnama

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2009-njy ýylyň 25-nji awgustda
çykaran 10605 karary bilen
tassyklandy
Doly şahsy maddy jogapkärçilik hakynda mysaly

ŞERTNAMA

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 232-nji maddasyna laýyklykda, doly şahsy maddy jogapkärçilik hakyndaky ýazmaça şertnama kärhana, gurama ýa-da edara (mundan beýläk–Kärhana) bilen olara ynanylan maddy gymmatlyklary saklamak, işläp bejermek, satmak (goýbermek), daşamak ýa-da önümçiligiň barşynda ulanmak bilen gös-göni baglanyşykly wezipeleri eýeleýän ýa-da işleri ýerine ýetirýän işgärleriň (on sekiz ýaşyna ýeten) arasynda baglaşylýar.

(Kärhananyň ady)

adyndan_______________________________________ bir tarapdan

(familiýasy, ady we atasynyň ady)

we Kärhananyň işgäri_________________________beýleki tarapdan,

(familiýasy, ady we atasynyň ady)

aşakdakylar barada şu Şertnamany baglaşdylar:

1. Kärhananyň_________________________________boýunça «____»___________№____ buýrugy bilen _____________________ wezipesine bellenen raýat___________________________________

şu Şertnamanyň baglaşylan gününe çenli bar bolan pul, haryt, maddy we emläk gymmatlyklary, ýagny____________________________________

(olaryň haýsy ýerde - ammarda, umumy ýaşaýyş jaýynda ________________________________________________________________

we beýleki ýerlerde ýerleşýändigini hem-de nähili gymmatlyklardygyny - maddy serişdeler, ____________________________________________________________________________________

gurallar, esbaplar we ş.m. görkezmeli)

__________________________________________________________________ üçin şu eýeleýän wezipesinde işlejek bütin döwrüniň dowamynda kabul ediljek doly şahsy maddy jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

2.__________________________________________________

(maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy)

jogapkärçiliginde saklanýan maddy gymmatlyklar boýunça tükellemeler we barlaglar geçirilende saklanmagyň üpjün edilmegi üçin öz wagtynda zerur çäreler görülmänligi sebäpli, ýetmezçilikler ýüze çykan halatynda____________________________________________

(Kärhananyň ady)

ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doly möçberinde tölemäge borçludyr.

Eger maddy gymmatlyklara ýetirilen zyýan (zelel) ________________________________________________________________ (maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy)

jenaýatçylykly hereketleriniň netijesinde ýüze çykan bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak kazyýet tertibinde amala aşyrylýar.

Maddy gymmatlyklaryň tükellemek netijesinde artyk çykarylan möçberi başga ýüze çykarylan ýetmezçiligi azaltmak üçin kabul edilip bilinmez we ol_____________________________________________ (Kärhananyň ady)

girdejisine geçirilmelidir.

3. _______________________________________________________üçin

(maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy) Kärhananyň ýolbaşçylarynyň pul, haryt, maddy we emläk gymmatlyklaryny kabul etmegiň, saklamagyň, goýbermegiň we olaryň hasabyny ýöretmegiň tertibini kesgitleýän hemme buýruklary we gözükdirijileri hökmanydyr.

4.__________________________________________________________ (Kärhananyň ady) ________________________________________________________________ (maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy) üçin pul, haryt, maddy we emläk gymmatlyklary bilen baglanyşykly işleriň dogry ýerine ýetirilmegini hem-de olaryň abat saklanmagyny üpjün edýän kadaly iş şertlerini döretmäge borçludyr.

5.__________________________________________________ (maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy) özüne tabşyrylan pul, haryt, maddy we emläk gymmatlyklarynyň ogurlanmazlygy hem-de zaýalanmazlygy üçin, öz wagtynda zerur bolan çäreleri görmäge, olaryň abat saklanmagyna päsgel berýän ýagdaýlar barada ýolbaşçylara ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

6. Maddy gymmatlyklara zyýan (zelel) tebigy hadysa ýa-da özüniň öňüni alyp bilmejek ýagdaýlary zerarly ýetirilen halatynda ________________________________________________________

(maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy )

garaşsyz bilermenleriň gelen netijesi esasynda jogapkärçilikden boşadylýar.

7. Taraplaryň adresleri:

1.________________________________________________________ (Kärhananyň ady)

Salgysy:__________________________________________________________

2.________________________________________________________________

(maddy taýdan jogapkär işgäriň ady, familiýasy, atasynyň ady, __________________________________________________________________ passport maglumatlary, onuň haçan we kim tarapdan berlendigi, doglan ýyly we ýeri, öý salgysy)

8. Şertnama iki nusgada taýýarlandy, onuň birinji nusgasy Kärhanada, ikinji nusgasy onuň maddy taýdan jogapkär işgärinde saklanýar.

Kärhananyň ýolbaşçynyň goly

Maddy taýdan jogapkär işgäriň goly

(wezipesi, familiýasy)