Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2018-nji ýylyň 7-nji martynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalarynyň sanawy.



t.b
Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry, gurlan ýyly)
Binalaryň meýdany,
(inedördül metr)
Başlangyç bahasy
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Ahalmiwe” oba hojalyk senagat birleşiginiň dükanlary
Aşgabat şäheri
1 Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2064-nji köçesiniň 10-njy salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1964 ý.
313,30 33 874,00 Hususy eýeçilige satmak
2 Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň A.Nyýazow şaýolynyň 69-njy salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1964 ý.
296,00 33 815,00 Hususy eýeçilige satmak
3 Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň 2077-nji köçesiniň 5 “A” salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1964 ý.
38,70 3 790,00 Hususy eýeçilige satmak
4 Aşgabat şäheriniň Berkarlyk etrabynyň 1920-nji köçesiniň 138-nji salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1964 ý.
157,90 22 548,00 Hususy eýeçilige satmak
5 Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Negina köçesiniň 19-njy salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1964 ý.
93,50 11 259,00 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
6 Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherindäki Güneş köçesiniň ugrunda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1974 ý.
31,98 5 113,00 Hususy eýeçilige satmak
7 Ahal welaýatynyň Gökdepe şährindäki Arkaç köçesiniň 10-njy salgysynda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1981 ý.
55,20 10 401,50 Hususy eýeçilige satmak
8 Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky “Daýhan” bazarynyň çäginde ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1992 ý.
42,70 12 353,57 Hususy eýeçilige satmak
9 Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän dükany Söwda işleri,
1992 ý.
374,42 111 473,66 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
10 “Garabekewül etrap senagat kärhanasy”, Halaç etrabynyň Garabakewül şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 27-nji jaýy Tikin önümlerini öndürmek,
1970 ý.
1 964,90 1 522 962,00 Hususy eýeçilige satmak
11 Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Halaç şäheriniň halaç geňeşliginiň Ajy obasynyň Türkmenistan köçesiniň 18-nji jaýy salgysynda ýerleşýän Ajy haly önümhanasy Haly önümlerini öndürmek,
1954-1997 ý.
300,30 46 122,00 Hususy eýeçilige satmak
12 Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Kerki şäheriniň Pagtaçy köçesiniň 8-nji jaýy salgysynda ýerleşýän Kerki şäher haly önümhanasy Haly önümlerini öndürmek,
1977 ý.
1 210,90 188 762,00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
13 Ýolöteniň «Bezeg» tikin fabrigi, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň Tahyrow köçesi Tikin önümlerini öndürmek,
1987 ý.
2 425,30 2 528 494,43 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
14 “G.Atamyradowa” adyndaky tikin-trikotaž fabrigi, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Merw köçesiniň 2-nji jaýy Tikinçilik önümlerini öndürmek,
1992 ý.
4 154,61 1 048 142,36 Hususy eýeçilige satmak
15 Halkyň sarp edýän harytlary önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek,
1978 ý.
3 410,97 2 558 310,30 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
16 Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Boldumsaz haly önümhanasy, Boldumsaz şäheri, B.Kerbabaýew köçesiniň 17-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1987 ý.
474,01 118 897,64 Hususy eýeçilige satmak
17 Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesindäki Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gurbansoltan eje adyndaky haly önümhanasy, Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesi, Halyçylar köçesiniň 11-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1972 ý.
670,45 568 588,49 Hususy eýeçilige satmak
18 Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Akdepe haly önümhanasy, Akdepe şäheri, O. Ärsaryýew köçesiniň 66-njy jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1970 ý.
384,76 91 928,61 Hususy eýeçilige satmak
Balkan welaýaty
19 Serdar çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Serdar şäherindäki haly önümhanasy, Serdar şäheriniň E.Kulyýewa köçesiniň 2-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1969 ý.
1 864,70 387 655,83 Hususy eýeçilige satmak
20 Serdar çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Şatlyk haly önümhanasy, Serdar şäheriniň O.Annaýew köçesiniň 10-njy jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1969 ý.
735,40 147 975,22 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgasy
Lebap welaýaty
21 Kerki etrabynda gurluşygy tamamlanmadyk hammamyň desgasy, Kerki şäheriniň Köýtendag köçesi Gurluşygy tamamlanmadyk desga,
1995-1996 ý.
415,00 135 564,80 Hususy eýeçilige satmak
22 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 1 gatly hammamy, Türkmenabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 51-nji “A” jaýy Hyzmat,
1980 ý.
203,00 113 751,00 Hususy eýeçilige satmak
23 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Farap etrabyndaky bölümi bilen), Türkmenabat şäheriniň Aragatnaşyk bölümi-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1984 ý.
6 700 1 818 452,00 Hususy eýeçilige satmak
24 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasy (ýanaşyk duran ammarlarynyň binalary bilen), Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1958-1988 ý.
15 000,00 7 426 931,00 Hususy eýeçilige satmak
25 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
9 700,00 10 447 227,00 Hususy eýeçilige satmak
26 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Lebapgurluşykhyzmat” müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1986 ý.
15 000,00 5 830 592,00 Hususy eýeçilige satmak
27 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Lebapgurluşykhyzmat” müdirligine degişli bölümi, Saýat etraby, S.A.Nyýazow köçesiniň 59-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
2 900,00 1 208 845,00 Hususy eýeçilige satmak
28 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Görogly beg Türkmen köçesinde ýerleşýän edara jaýy we Çärjew etrabyndaky bazasy bilen bilelikde), Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň 52-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1966-1981 ý.
2 478,00 6 205 318,20 Hususy eýeçilige satmak
29 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýynda ýeleşýän 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi Gurluşyk gurnama işleri,
1985 ý.
2 474,40 1 764 134,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
30 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi. Darganata etrabynyň Gazojak şäheri, Sazakino demir ýol bekedi Söwda işleri,
1978 ý.
569,00 35 130,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgasy
Lebap welaýaty
31 “Arzuw” maldarçylyk hojalygynyň Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” adyndaky daýhan birleşigiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy Mal ýatagy,
1970 ý.
988,00 51 878,40 Hususy eýeçilige satmak
“Türkmengaz” döwlet konserniniň desgasy
Lebap welaýaty
32 “Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň iki desgadan ybarat mal ýatagy (Darganata etrabynyň Lebap şäherçesinde ýerleşýär) Mal ýatagy,
1984 ý.
1 930,62 133 423,50 Hususy eýeçilige satmak


Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar borçnamalary bilen birlikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-72
/73/74/75
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 5-41-75
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87