Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2018-nji ýylyň 30-njy maýynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Lebap welaýat häkimliginiň desgalarynyň sanawy.


Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry, gurlan ýyly)
Binalaryň meýdany,
(inedördül metr)
Başlangyç bahasy
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň desgasy
Balkan welaýaty
1 Balkan welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligine degişli binasy, Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň Serhetçiler köçesi Edara binasy,
1943 ý.
174.60 28 070.75 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgasy
Aşgabat şäheri
2 “Ahalmiwe” oba hojalyk senagat birleşiginiň dükany, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2064-nji köçesiniň 10-njy jaýy Söwda işleri,
1964 ý.
313.30 33 874.00 Hususy eýeçilige satmak
3 “Ahalmiwe” oba hojalyk senagat birleşiginiň dükany, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň 1920-nji köçesiniň 138-nji jaýy Söwda işleri,
1964 ý.
157.90 22 548.00 Hususy eýeçilige satmak
4 “Ahalmiwe” oba hojalyk senagat birleşiginiň dükany, Büzmeýin etrabynyň Negina köçesiniň 19-njy jaýy Söwda işleri,
1964 ý.
93.50 11 259,00 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
5 Ahal ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýyladyşhanasy, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Ýeňişiň 40 ýyllygy köçesiniň ugrunda Önümçilik,
2004 ý.
757.40 95 551.16 Hususy eýeçilige satmak
Balkan welaýaty
6 “Balkan azyk önümleri” kärhanasynyň dükany, Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesi Söwda işleri,
2012 ý.
182.20 180 762.29 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
7 «Arzuw» maldarçylyk hojalygynyň maldarçylyk fermasy, Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşigiň çäginde ýerleşýär Mal ýatagy,
1970 ý.
988.00 51 878.40 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň desgalary
Aşgabat şäheri
8 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň dükany, Bagtyýarlyk etrabynyň A.Nyýazow şaýolunyň 314-nji jaýy Söwda,
1999 ý.
466.30 172 188.00 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
9 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Tejen awtoussahanasy, Tejen şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda Hyzmat,
1989 ý.
1 569.03 534 825.89 Hususy eýeçilige satmak
Balkan welaýaty
10 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Balkan welaýat kärhanasy we Türkmenbaşy awtoussahanasy bilen bilelikde, Balkanabat şäheriniň Beýik ýüpek ýoly köçesiniň ugrynda Hyzmat,
1973-1980 ýý.
2 316.00 938 449.69 Hususy eýeçilige satmak
11 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Serdar awtoussahanasy, Serdar şäheriniň Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunyň ugrunda Hyzmat,
1952-1988 ýý.
1 484.50 515 122.00 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
12 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Daşoguz welaýat kärhanasy we Bagtyýarlyk awtoussahanasy bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 49-njy jaýy Hyzmat,
1997 ý.
5 555.60 2 824 242.00 Hususy eýeçilige satmak
13 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Gyrat awtoussahanasy, Daşoguz şäheriniň Baku köçesiniň 30-njy Hyzmat,
1968 ý.
3 647.80 564 213.00 Hususy eýeçilige satmak
14 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Köneürgenç awtoussahanasy, Köneürgenç şäheriniň Türkmenistan köçesiniň 3-nji jaýy Hyzmat,
1970 ý.
917.40 161 289.00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
15 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Baýramaly awtoussahanasy, Baýramaly şäheriniň Türkmengala ýolunyň ugrunda Hyzmat,
1989 ý.
1 378.00 350 432.00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Ahal welaýaty
16 “G.Atamyradowa” adyndaky tikin-trikotaž fabrigi, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Merw köçesiniň 2-nji jaýy Tikinçilik önümlerini öndürmek,
1992 ý.
4 154.61 1 048 142.36 Hususy eýeçilige satmak
17 Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek,
1978 ý.
3 410.97 2 558 310.30 Hususy eýeçilige satmak
Balkan welaýaty
18 Serdar çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Serdar şäherindäki haly önümhanasy, Serdar şäheriniň E.Kulyýewa köçesiniň 2-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1969 ý.
1 864,70 387 655,83 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
19 “Garabekewül” senagat kärhanasy, Halaç etrabynyň Garabakewül şäheriniň Türkmenistan köçesiniň 27-nji jaýy Tikin önümlerini öndürmek,
1970 ý.
1 964.90 1 522 962.00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
20 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Ýolöten haly önümhanasy, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň D.Azady köçesiniň 31-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1999 ý.
324.40 60 654.00 Hususy eýeçilige satmak
21 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Türkmengala haly önümhanasy, Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň Täze ýol köçesiniň 4-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1999 ý.
2 678.93 1 760 495.00 Hususy eýeçilige satmak
22 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Bagtyýarlyk haly önümhanasy, Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň Şagadam köçesiniň 3-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
2015 ý.
266.30 612 166.00 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
23 Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gurbansoltan eje adyndaky haly önümhanasy, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Halyçylar köçesiniň 11-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1972 ý.
670.45 568 588.49 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
24 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi, Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň «Sazakino» demir ýol bekedi Söwda işleri,
1978 ý.
569.00 35 130.00 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgasy
Lebap welaýaty
25 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Farap etrabyndaky bölümi bilen), Türkmenabat şäheriniň Aragatnaşyk bölüminiň 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1984 ý.
6 700.00 1 818 452.00 Hususy eýeçilige satmak
26 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasy (ýanaşyk duran ammarlarynyň binalary bilen), Türkmenabat şäheriniň «Himzawod» P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1958-1988 ý.
15 000.00 7 426 931.00 Hususy eýeçilige satmak
27 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
9 700.00 10 447 227.00 Hususy eýeçilige satmak
28 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Lebapgurluşykhyzmat» müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1986 ý.
15 000.00 5 830 592,00 Hususy eýeçilige satmak
29 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Lebapgurluşykhyzmat» müdirligine degişli bölümi, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 59-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
2 900.00 1 208 845,00 Hususy eýeçilige satmak
30 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Görogly beg Türkmen köçesinde ýerleşýän edara jaýy we Çärjew etrabyndaky bazasy bilen bilelikde), Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň 52-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1966-1981 ý.
2 478.00 6 205 318.20 Hususy eýeçilige satmak
31 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1985 ý.
2 474.40 1 764 134.00 Hususy eýeçilige satmak
32 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň S.A.Nyýazow köçesiniň 22-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1971 ý.
3 037.70 3 187 282.00 Hususy eýeçilige satmak
33 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligine degişli bölümi, Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesiniň Kemine köçesiniň 29-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1960 ý.
5 512.50 650 737.00 Hususy eýeçilige satmak
34 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasyna degişli bölümi, Türkmenabat şäheriniň Çagrybek köçesiniň 35-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1975 ý.
291.00 83 530.00 Hususy eýeçilige satmak


Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar borçnamalary bilen birlikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-09
/72/73/75
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 5-41-75
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87