Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Täze ýyla çenli galan döwrüň içinde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine milli parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Mejlisiň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi we geçirilen işlere baha berildi.
Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi. Ministr 2018-nji ýylyň üç çärýeginde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 116,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 92,6 göterim berjaý edildi.
Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 6 milliard 228,3 million manada, çykdajy bölegi bolsa 5 milliard 517, 2 million manada barabar boldy.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň 56 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 53 mejlisi geçirildi.
Üç çärýegiň netijeleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 31,3 milliard manada deň boldy. Bu görkezijiniň jemi içerki önümiň ösüşine gatnaşygy 33,4 göterime ýetdi. Maýa goýum maksatnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna 65,8 göterim, durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň gurluşygyna 34,2 göterim maýa goýumlary gönükdirildi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde meýilleşdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşyny üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanow 2018-nji ýylyň üç çärýeginde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gazanan makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň önümçiliginiň möçberiniň artmagy üpjün edildi.
Dokuz aýda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň mukdary 8 göterim ýokarlandy. 2018-nji ýylyň dokuz aýynda 2017-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, ýolagçy gatnatmagyň mukdary 3,8 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz dogruçyllygyň, takyklygyň, aýdyňlygyň döwlet statistikasynyň esasy ýörelgeleri bolmalydygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri hemmetaraplaýyn seljermegiň esasynda halk hojalygynyň pudaklarynyň ösüşini öz wagtynda çaklamak, bar bolan ätiýaçlyklary ýüze çykarmak möhümdir diýip aýtdy.
Soňra ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy baradaky hasabat bilen Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew çykyş etdi. 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýeti ösdürmäge, şol sanda eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin gönükdirilýän karzlaryň möçberleri 12,9 göterim ýokarlandy. Bu makroykdysady görkeziji döwlete degişli bolmadyk ulgamda 14,8 göterim ýokarlandy.
Bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elektron düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen görlen çäreler barada hem aýdyldy.
Dokuz aýda ýurdumyzyň banklary tarapyndan kartly töleg ulgamy arkaly nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank edaralarynyň işini has ýokary derejä çykarmagyň möhümdigini belledi. Banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda geljekde hem toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow şu ýylyň dokuz aýynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan anyk çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşi we ýurdumyzyň sebitlerinde oňyn özgertmeleri üpjün edýär hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Hasabat döwründe maliýe seljerişiniň netijelerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanmagy 6,2 göterim, şol sanda senagat pudagynda 4,2 göterim, gurluşykda 0,6 göterim, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,6 göterim derejesinde hasaba alyndy.
2018-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 19,5 göterim artdy.
Döwlet býujetiniň 73,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly hem-de öz wagtynda tölenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri göz öňünde tutup, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de bir gezek maslahat geçirmegi tabşyrdy. Bu işi çaltrak tamamlap, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem birnäçe beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin her etrapda we şäherde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri Döwlet býujetinde hökman göz öňünde tutmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Her bir ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy geljek ýylda öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň kabul eden kararlarynyň esasynda pudaklary ösdürmegiň we özgertmegiň ähli döwlet maksatnamalaryna gaýtadan garamagy hem-de tutuş ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy tabşyrdy.
Aýratyn-da, oba hojalygyny ösdürmek boýunça köp işler öňde dur diýip, milli Liderimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz hökümetiň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa ýüzlenip, 2019-njy ýyldan ilata agyz suwunyň, gazyň, elektrik energiýasynyň tölegsiz berlişini ýatyrmak barada Halk Maslahatynyň kabul eden Karary bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujete goşmaça serişdeleriň gelip gowuşmagynyň hasaba alnyşyny we oňa gözegçiligi üpjün etmelidigini belledi.
Wise-premýerler M.Meredowa hem-de D.Amangeldiýewe kärhanalara hem-de ilata gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň doly oturdylmagyny, hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini, şeýle hem zerur resminamalaryň ýöredilmegini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Bu işleriň ählisine gözegçilik etmek içeri işler ministri I.Mulikowyň üstüne ýüklenildi.
Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe, umuman, gowy netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň işinde heniz köp sanly kemçilikler hem bar, şolary ýylyň ahyryna çenli düzetmek gerek diýip belledi. Ýolbaşçylar öz ministrliklerini we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz kabul edilen esasy maksatnamalaryň, hususan-da, täze iş orunlaryny döretmek baradaky tassyklanan maksatnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmän galýandygyna ünsi çekip, bu meselelere şu ýylyň ahyryna çenli aýratyn serediljekdigini duýdurdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowa Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde görkezilen şu ähli kemçilikleri düzetmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,2 göterim, benziniň öndürilişi 108,1 göterim, dizel ýangyjynyň önümçilik meýilnamasy 105,8 göterim, polipropilen öndürilişi 104,1 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçilik meýilnamasy bolsa 111,1 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem gurluşygy bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek, nebitgaz toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmak we önümi gaýtadan işlemegiň depginini artdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de beýleki halkara gaz geçirijileriň çekilişine, Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmek işlerine ünsi çekip, düzümi döwrebaplaşdyrmagy we nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi, döwlet emläklerini hususylaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň usullaryny köpugurly esasda ösdürmek, gaz we nebit geçirijileriň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek, täze uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemek işlerini çaltlandyrmak babatda birnäçe görkezmeler berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynda sazlaşykly işiň üpjün edilmegi üçin ähli zerur çäreler görülmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky edaralary hususylaşdyrmak meseleleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 114,4 göterim ýerine ýetirildi, şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,9 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 125,6 göterim berjaý edildi, umumy ösüş depgini 124,9 göterime barabar boldy.
Haly we haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama şu ýylyň dokuz aýynda 129,5 göterim berjaý edildi, şunda ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy.
Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy ösüş depgini 109,4 göterim üpjün edildi.
Şeýle hem Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumynyň önümlerini eksport etmegiň möçberini artdyrmak boýunça has netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny, munuň üçin bar bolan ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz kuwwatly çig mal binýadyna eýe bolan himiýa senagatyny çalt depginlerde ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, bellenilen tabşyryklary yzygiderli ýerine ýetirmeýän “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi. Onuň netijesinde, dökünler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigi üçin ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işinde bökdençlikler döreýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça ikinji zawodyň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyryp, garalan ähli meseleleri çalt çözmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz bazar ykdysadyýetine geçmegiň şertlerinde şeýle ýagdaýa ýol berilmeli däldigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, ýurdumyzyň telekeçilerini bu işlere giňden çekmek arkaly senagat toplumyny okgunly ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Senagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin görelde bolmalydyr, senagat şolaryň geljekde hem ösdürilmegi üçin binýat bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň esasy pudaklaryny tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçirmek syýasatyna laýyklykda, balyk hojalygy döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmagyň zerurdygy baradaky karara gelendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bäsleşikli söwdalary geçirmek üçin resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy we degişli Permana gol çekdi.
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan edildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 2018-nji ýylyň dokuz aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasynyň 106,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgininiň 115,9 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 108,3 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 119,2 göterim ýerine ýetirildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 100,6 göterime, ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýollaryň gurluşygyna, şol sanda ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň gurluşygyna ünsi çekip, bu işleriň depgininiň we hiliniň pesdigine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowyň işine nägilelik bildirip, özboluşly milli binagärlik taslamalarynyň hödürlenmeýändigini, şeýle hem gurluşyk senagatyny ösdürmek boýunça teklipleriň berilmeýändigini belledi. Ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna garamazdan, şolaryň köp böleginiň beýleki ýurtlardan gyzyl pula satyn alynýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowyň eksport we import amallaryna berk gözegçilik etmeginiň zerurdygyny aýdyp, onuň bu meseleleri düzgünleşdirmäge jogapkärdigini nygtady hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe, wise-premýerlere, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, gurluşygy alnyp barylýan ähli desgalardaky işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, desgalaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegini, şolaryň, esasan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin maýa goýun maksatnamasyna ýene bir gezek gaýtadan seretmegi hem-de energetika ulgamyny, ýyladyş we ulag düzümlerini gyşky möwsüme taýýarlamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzyň gurluşygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe geljek ýyl üçin şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünde işlemegi dowam etmegi, munuň üçin näçe mukdarda serişdeleriň zerur boljakdygyny kesgitlemegi hem-de soňra ara alyp maslahatlaşmaga hödürlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda gurluşyk pudagynda esasy ugry ýollaryň gurluşygy diýip kesgitlemegi teklip etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ulaglar-aragatnaşyk toplumynda hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hem-de ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi hem-de ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça, degişlilikde 102,5 göterim we 104,4 göterim boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň dokuz aýynda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,6 göterime barabar boldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,7 göterime deň boldy.
“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 125,9 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň ösüş depgini 129,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 116 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Çakyýewe we ulaglar-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, düzümlerde, şol sanda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmagyň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga taýýarlyk işleriniň depginini güýçlendirmek gerek. Bu gulluklaryň işini gowulandyrmak boýunça teklipler taýýarlanylmaýar. Milli Liderimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmagy üpjün etmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, ýagdaýy düzetmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň geçen dokuz aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça degişli döwürde haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 3,4 göterim ýokarlanandygyny, öndürilen önümleriň mukdarynyň bolsa 2,6 göterim artandygyny aýtdy.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe birža söwdalarynyň 185-si geçirilip, 18 müň 408 şertnama baglaşyldy.
2018-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim artdy. Hasabat döwründe sergileriň 16-sy guraldy we maslahatlaryň 16-sy geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilen möçberiniň ösüş depgini 27,1 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 40,1 göterime deň boldy. Söwda dolanyşygy 1,6 göterim artdy. Ilata hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möçberi 1,3 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary haryt dolanyşygynyň görkezijileri barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz ony ýeterlik derejä çykarmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyryp, söwda ulgamynyň ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ilaty ýokary hilli harytlar we azyk önümleri bilen üpjün etmek meselelerini talabalaýyk derejede çözmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz öňde iri baýramçylyklaryň we sport çäreleriniň birnäçesiniň guraljakdygyny nygtap, dükanlarda hem-de bazarlarda senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň eksport edýän harytlarynyň we daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň birnäçe pudaklarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeňligini hem-de telekeçilik başarnyklaryny hem-de üstünliklerini belläp, geljekde-de telekeçilik işlerine giň goldaw beriljekdigini aýtdy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa berk käýinç yglan etmek baradaky Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, şu ýylda çap etmäge meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 200 görnüşiniň 150-siniň neşir edilendigini habar berdi.
Ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 96 we 24 medala mynasyp boldular.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň 9775-si hünär taýýarlygyny geçdiler.
Halkara guramalary, şeýle hem beýleki ýurtlaryň bilim edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw meselesi, Aral deňzini halas etmek hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi boýunça ösüş depgini 152 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 116 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 119 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşy geçirildi, onda ýaş türkmen sürüjileri oňat netijeler görkezdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aşgabatda boljak Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem Tokio şäherinde (Ýaponiýa) 2020-nji ýylda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär.
Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 107-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 80-si guraldy. Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 81-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 11-sine (4 medal), Aziýa çempionatlarynyň 26-syna (67 medal) we beýleki ýaryşlaryň 44-sine (110 medal) gatnaşdylar. Olarda jemi 181 medal (58 altyn, 45 kümüş we 78 bürünç) gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda döwletleriň ösüşiniň we ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynyň ylym ulgamyndaky ýagdaý bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Ylmy barlaglaryň geçirilmegine uly üns berilýän islendik ýurtda ylma esaslanýan tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu maksatlara ýeterlik derejede maliýe, maglumat, önümçilik we bilim serişdeleri bölünip berilýär. Şonuň üçin hem şol ýurtlar dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler.
Häzirki wagtda saglygyň, durmuşyň ýokary derejesiniň, bilelikde ylalaşykly ýaşaşmagyň, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmegiň meseleleri ýaly ugurlarda adamzadyň baş maksatlaryna ýetmek üçin ylmy gazananlaryň zerur bolup durýandygy hakykatdyr. Ylym häzirki zaman jemgyýetini oýlanyşykly dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzda alymlaryň erkin hem-de üstünlikli döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin mynasyp maddy şertler hem döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz käbir ylmy-barlag institutlarynyň işine barlag geçirilende köp sanly kemçilikleriň ýüze çykarylýandygyna hem-de hakykatda netijeleriň ýokdugyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň ünsüni çekdi. Bu ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň ylmy derejeleri ýok, diňe ýörite bilimleri bar. Olardan nämä garaşyp bolar?
Häzirki zaman şertlerinde ylmy işleriň netijeleri, ilkinji nobatda, işgärleriň ýokary bilim derejesiniň, olaryň ýokary taýýarlygyna, ylmy-barlaglarda öňdäki sepgitleri eýelemek maksady bilen, degişli işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine baglydyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere ýakyn wagtda ýörite topary döretmegi hem-de ylmy-barlag institutlarynyň her biriniň işine derňew geçirmegi, soňra bolsa onuň jemleri baradaky hasabaty Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy usulyýet binýadynyň kabul edilen özgertmeler maksatnamasynyň esasynda mundan beýläk-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem öňde boljak Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny iň ýokary derejede guramalydyrys, şeýle hem ýurdumyzda beýleki halkara ýaryşlaryny geçirmegi meýilleşdirmelidiris diýip aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, sahnalaşdyrylan oýunlar, aýdym-saz dabaralary guraldy.
Ýylyň başyndan bäri Medeniýet ministrligi bilen birnäçe daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ylalaşyklara gol çekildi. Häzirki döwürde şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.
Germaniýada saparda bolýan türkmen hünärmenleri 1-nji noýabrda Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde geçiriljek “Margiana —Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Wise-premýer Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işi boýunça maglumatlary beýan edip, hasabat döwründe 119 müň 255 syýahatça hyzmat edilendigini habar berdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,4 göterime deň boldy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 246 görnüşi hem-de okuw kitaplarynyň 141 görnüşi çap edildi. Meýilnama 132,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we telewideniýäniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu ulgamlaryň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadynyň, Emeli hemramyzyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylyp bilinmeýändigine nägilelik bildirdi. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işler babatda hem bellikler aýdyldy.
Milli Liderimiz Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen örän möhüm strategik maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyran ägirt uly işlerimiziň düýp mazmunyny we ähmiýetini anyk mysallar arkaly açyp görkezmek üçin ýeterlik mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Hususan-da, azyklyk galla bilen özümizi üpjün edendigimizi, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygymyzy giňden beýan etmek üçin mysallaryň köpdügi bellenildi. Watanymyzda ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, iň häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça hem giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Diňe şu ýylyň özünde biz sebitde iri aýna kombinatyny, karbamid öndürýän kuwwatly kärhanany işe girizdik. Nesip bolsa, 17-nji oktýabrda polietilen we polipropilen öndürýän ýene-de bir kuwwatly kärhanany ulanmaga bereris. Şu mysallar ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň zehinli medeniýet we sungat işgärlerini ýüze çykarmagyň hem-de olaryň çykyşlaryny daşary ýurtlarda guramagyň, dürli döwletleriň döredijilik wekilleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlap teleradioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamak, teatrlarymyzda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze aýdym-saz we sahna eserlerini goýmak babatda anyk görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň işine ünsi çekip, öňde boljak halkara saparlaryna we maslahatlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de beýleki halkara çärelerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek halkara saparlaryň meýilnamalaryny we maslahatlaryň tertibini häzirden işläp başlamak barada görkezme berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.
Şu döwürde milli parlamentiň üç mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 34-si we Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak, giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Parlamentiň iş toparlary degişli edaralar bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler amala aşyrýar.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 20-nji oktýabrynda meýilleşdirilen nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onuň gün tertibine birnäçe ulgamlarda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, daşary döwletleriň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary dürli halkara çärelere we maslahatlara gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak işlerine ýene bir gezek ünsi çekip, ony milli parlamentiň Ministrler Kabineti bilen bilelikde işlemelidigini we kabul etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, döwletimiziň ykdysady syýasatynda degişli kanunçylygy gyssagly taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin welaýatlaryň häkimlerine söz berdi.
Hasabat berlişi ýaly, welaýatlary hem-de tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek, onuň depginlerini ýokarlandyrmak, şol sanda bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, ekerançylaryň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işlere dahylly degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Hasabatlarda welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça meýilnamanyň yzygiderli ýerine ýetirilýändigi, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ünsi çekip, bu işleriň obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ýurdumyzyň dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmekde möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhümdigini nygtap, käbir welaýatlarda olary guramakda haýallyga ýol berilýändigine ünsi çekdi. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde säwlikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, welaýatyň häkimi M.Baýramgulyýewe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bu görkeziji 105 göterim boldy. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104,9 göterime deň boldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna daýhan birleşikleriniň çäklerinde sürümli ýerlerinden ýörite oba hojalyk ähmiýetli ýer gaznasynyň döredilmegini esasy ugur edinýän kararlaryň taslamalary hödürlendi.
Olar bugdaýy, pagtany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, olary döwlete tabşyrmakda, şeýle hem gök we bakja önümlerini, ýeralmany, üzümi hem-de miweli baglary ýetişdirmekde ähmiýetlidir. Şol gaznadan ýer serişdeleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki hukuk taraplaryna hem-de raýatlaryna 99 ýyla çenli möhlet bilen ulanmaga berler.
Ýene bir Kararda oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karz serişdelerini, şol sanda oba hojalygynda ulanylmaýan tehnikalary we beýleki enjamlary satyn almak üçin pul serişdelerini bermek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleriniň pesdigine, munuň bolsa pudakda amala aşyrylýan işleriň netijelerine ýaramaz täsirini ýetirýändigine wise-premýer E.Orazgeldiýewiň, welaýatlaryň häkimleriniň we obasenagat toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň ýene bir gezek ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri mümkin boldugyça tizräk amala aşyrmak baş wezipe bolup durýar.
Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň geljekki bol hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny nazara alyp, döwlet Baştutanymyz ähli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge, gowaça ekişine degişli derejede taýýarlyk görmäge möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öndürilen pagta süýümini özümizde doly gaýtadan işlemäge geçip, ony daşary ýurtlara satmagy bes etmeli.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy baradaky meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, oba hojalyk önümleriniň gorlaryny döretmek we güýz-gyş aýlary, ilatyň islegine görä, olary içerki bazarlarymyzda ýerlemek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Şu ýyl meýdanlarda gowaçanyň bol hasylynyň ýetişendigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ekiniň möhümdigini göz öňünde tutup, ýetişdirilen pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biologiýa barlaghanalarynyň, suw tygşytlaýjy häzirki zaman suwaryş, ýagyş ýagdyryş we damjalaýyn ulgamlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Obasenagat toplumynyň ýolbaşçy düzümine ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen kemçilikleri üçin oba we suw hojalyk ministri O.Enermyradowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba we suw hojalyk ministriniň galla we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary T.Myradowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Myradowy Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Işlenip taýýarlanylan resminamalaryň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olarda bellenilen wezipeleriň diňe bir içerki bazarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmän, eýsem, daşary ýurtlardan getirilmegini togtatmaga we bu önümleri beýleki döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Gök-bakja, ýeralma ekinlerini, üzümi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” hem-de “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberlerini tassyklamak hakynda” we “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem ýakyn geljek üçin düýpli meseleleri kesgitlemek bilen, geçen dokuz aýda alnyp barlan işlere häsiýetnama berdi.
Şu ýyl hem biziň esasy maksadymyza ýetmäge — ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýşynyň ýokary hilini we derejesini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädimleriň ädilendigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz belledi.
Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz üýtgewsiz bolmagynda galýar. Daşary syýasatda biz öňküsi ýaly, ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alýarys. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris.
Alyp barýan içeri syýasatymyz barada aýdylanda bolsa, biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny goldaýarys. Hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artdyrylýar.
Käbir pudaklar boýunça önümçilik we hyzmat ulgamlarynda oňat görkezijiler gazanyldy. Bu bolsa jemi içerki önümiň möçberiniň artyşyny 6,2 göterime çenli ýetirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet býujetiniň girdejileri hem artdy. Bu bolsa aýlyk zähmet haklarynyň möçberini 9 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi. Milli puluň hümmeti bellenen derejede durnukly saklanýar.
Ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýarys.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýaňy-ýakynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti ýurdumyzda saparda boldy. Wekiliýet biziň özgertmeleri amala aşyrmak boýunça saýlap alan ugrumyzyň dogrudygyny tassyklady. Şeýle hem ýurdumyzda gazanylan netijelere oňyn baha berdi diýip belledi.
Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy. Wekiliýetimiz şol mejlisde dünýä bileleşiginiň biziň alyp barýan syýasatymyzy goldaýandygyna, döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyna anyk göz ýetirdi. Bu mejlisde biziň öňe süren ähli başlangyçlarymyz uly gyzyklanma döretdi we döwletleriň ençemesi tarapyndan goldanyldy. Mejlisiň çäklerinde biz dünýäde belli we iri amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdik. Bu duşuşyklar işewürler tarapyndan biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýylyň tamamlanmagyna 3 aýa golaý wagt galýar. Ýöne muňa garamazdan, biz geljek ýylda öňümizde durýan wezipeleri eýýäm häzirden kesgitlemelidiris. Meniň ozal hem belläp geçişim ýaly, biziň alyp barýan işlerimiziň strategiýasy açyklyga, goşulyşmaga we eksporta niýetlenen ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ileri tutulýan ugurlar ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny göni çekmek bolmalydyr. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegini üpjün etmelidiris. Şu maksat bilen, ilkinji nobatda, täze kärhanalary gurmagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ozal hem belleýşim ýaly, ýol-ulag, önümçilik üpjünçilik ulgamlaryny has-da ösdürmeli. Täze iş orunlaryny döretmeli. Şu wezipelerden ugur alyp, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyny düzmegi tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaly diýip belledi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we durnukly ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli. Şu maksat bilen, pul serişdeleriniň gelýän möçberlerini artdyrmagy üpjün etmeli. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygyny has-da artdyrmaly we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini köpeltmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biz bu ugurda bäsleşige ukyplylygy hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmagyň hasabyna üpjün etmeli. Hususan-da, ýurdumyzyň banklary kiçi we orta telekeçilige has uly goldaw bermelidirler. Maýa goýum serişdeleriniň ýerli bazarlaryny ösdürmäge we maliýe institutlarynyň binýadyny berkitmäge ýardam bermelidirler.
Şeýle hem adam maýasyny emele getirmegi üpjün etmegi has çalt amala aşyrmaly. Bilim ulgamyny ýaşlara hususy pudakda işlemek üçin zerur bolan bilimleri we ukyp-başarnyklary öwretmegi göz öňünde tutup özgertmeli. Bu işler bolsa ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine tarap mundan beýläk-de öňe gitmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin düýpli binýady döretmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň işini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, zähmetde uly üstünlikler, ýurdumyzyň halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda gülläp ösüş arzuw etdi.
TDH