Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri polietilen we polipropilen satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Estoniýadan, Pakistandan, Owganystandan, Ukrainadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, reňksiz aýna, nah ýüplük we mata, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 69 million 716 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 547 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, buýan kökli çaý içgisini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 82 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.
TDH