Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (10.04.2019)

1. LOT № 58.
Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş jaý toplumynyň günbataryndaky 68 sany ýaşaýyş jaý toplumynda 2-nji belgili 720 orunlyk mekdebi gurmak üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

2. LOT № 60.
Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerine gerek bolan okuwçy partalaryny (1 stol, 2 stul) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

3. LOT № 97.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda öndürijiligi gije-gündizde 20 000 m³ agyz suw arassalaýjy desganyň gurluşygyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

4. LOT № 102.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki welaýat prokuraturasynyň edara jaýynyň durkuny täzelemek üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

5. LOT № 112.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň "Ýaşlyk" daýhan birleşiginiň çäklerinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 000 m³ bolan suw arassalaýjy desgany gurmak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

6. LOT № 161.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek we gurluşyk işleri üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

7. LOT № 178.
Suwaryş hem-de şor-zeý akaba ulgamlaryny üýtgedip, gaýtadan gurmak bilen, Aşgabat şäheriniň oba hojalyk ähmiýetli ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

8. LOT № 1449.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap şäherçede gurulýan №2 lagym sorujy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

9. LOT № 1485.
Gyzgyn deformirlenen sepsiz polat turbalary, asbest (hrizatil), paranoit, elektrotehniki we gözegçi-ölçeýiş enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

10. LOT № 1488.
Barlag-ölçeg enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

11. LOT № 1490.
Çiller we Ruftor ýylylyk üpjünçiligi desgalarynyň abatlaýyş işlerini geçirmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy (Buýrujy): Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT № 1542.
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň edara binasynda düýpli abatlaýyş işleri üçin gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 49A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.