Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (03.05.2019)

1. LOT № 172.
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Baýramaly şäherindäki MR-K/16 düzediş edarasynyň duşuşyk binasynyň düýpli gurluşyk işleri üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT № 222.
Balkan welaýatynyň Ekerem-Gamyşlyja-Bugdaýly-Şahman Orunçäge suw geçiriji üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

3. LOT № 242.
Balkan welaýatynyň Akdaş şäherçesi we Türkmenbaşy şäherçesi üçin suw çatrygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

4. LOT № 245.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda binalar we desgalar toplumynyň daşky suw ulgamynyň gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

5. LOT № 328.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Merkezi suw bekedinden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Hökümet rezidensiýasy, "Awaza" kongressler merkezi we sport toplumy üçin suw geçirijiniň gurluşyk işleri üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 3-nji maýynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 49A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.