Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (10.06.2019)

1. LOT № 302.
"Aşgabat-Türkmenbaşy" awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän 564-nji kilometrinde demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köpriniň gurluşyk-gurnama işleri üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

2. LOT № 352.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 9 sany, 4 gatly, 32 öýli we 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň toplumyny gurmak (daşky inžener ulgamlary) üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

3. LOT № 359.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak (2-nji etap, daşarky we içerki inžener ulgamlary, desgalary, içki köçeleri, geçelgeleri we seýilgähleri gurmak), (elektrik ulgamlaryny gurmak) üçin gerek bolan enjamlary we harytlary satyn almak.
SSatyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

4. LOT № 387.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol minzilinden Awaza ýoluna çenli wideo-monitoring hem-de wideo-hasaba alyş ulgamynyň gurluşygy hem-de Prezidentiň rezidensiýasynyň (kabulhanasynyň) girelgesine çenli Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň ýolunyň ugrundaky wideo-monitoring we wideo-hasaba alyş ulgamynyň gurluşygyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

5. LOT № 397.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini üçin 1200 metr tros we 8 sany howspsuzlyk batareýasyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

6. LOT № 398.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi üçin “GAZ-33027-750” 4*4 kysymly dört tekeri hereketlendirijili ýük awtoulagyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

7. LOT № 399.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi üçin 10 sany kompýuter tehnikalarynyň toplumyny, 3 sany köpeldiji tehnikany hem-de turniket we wideo gözegçilik ulgamynyň enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 49A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.