Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (08.08.2019)

1. LOT № 282.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Mürçe» daýhan birleşiginiň UMP ýerlerinden 32,0 ga ýerinde damjalaýyn-suwaryş ulgamy gurnalan, galan 68,7 ga ýer böleginde damjalaýyn-suwaryş ulgamyny gurnamak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

2. LOT № 300.
Ministrlikde elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy üçin ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

3. LOT № 318.
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň ýeke-täk döwlet sanawynyň elektron ulgamyny döretmek üçin gerek bolan tehniki serişdeleri, enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

4. LOT № 319.
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň ýeke-täk döwlet sanawynyň elektron ulgamy kompýuter programmasyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

5. LOT № 353.
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň suw geçiriji ulgamlarynyň durkuny täzelemek (şäheriň demirgazyk kiçi etrabynyň 6,7-nji kwartaly, M.Garaýew köçesiniň 3,4-nji uçastogy) üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

6. LOT № 564.
Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek üçin ýaşaýyş binalarynyň häsiýetnamalary boýunça bitewi geomaglumatlar ulgamyny emele getirmek üçin "Salgylar sanawynyň" awtomatlaşdyrylan ulgamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

7. LOT № 600.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap bölüminiň edara binasynyň we gulluk ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny, enjamlaryny we esbaplaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi.

8. LOT № 624.
Şäheri yşyklandyryş müdirligine we "Şäheryşyk" kärhanasyna degişlilikde Aşgabat hem-de Balkanabat şäherleriniň yşyklandyryş ulgamlaryna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

9. LOT № 777.
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň lagym ulgamyna (şäheriň demirgazyk-günbatar böleginiň zeý akabasy) gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 49A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.