Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (22.07.2019)

1. LOT № 406.
Bilim-terbiýeçilik edaralaryna gerek bolan mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

2. LOT № 463.
Lebap welaýatynyň "Farap awtoýollary" serhetýaka gümrük postunyň ýanyndaky awtoduralgada gurulýan binalar we desgalaryň gurluşygy üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy.

3. LOT № 477.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw binalaryna gerek bolan mebel harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

4. LOT № 576.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onun tabynlygyndaky Aşgabat şäher welaýatlardaky Baş Maliýe we ykdysadyýet mudirliklerine we bölumlerine hazirki zaman talaplaryna layyk gelyän programma upjunçiligi satyn almak we ministirligiň resminamalarynyň kämilleşdirlen elektron dolanşygy programma üpjünçiligini ornaşdyrmak işlerini geçirmek üçin kompýuter we serwer enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

5. LOT № 581.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň WED satyny döretmek üçin programma üpjünçiligini satyn alamak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 49A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.