HAZAR YKDYSADY FORUMYNA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde düýpli sepgitler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, ahyrky maksady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekliiige gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Bu günki gün Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredip, senagatlaşma we maýa goýum gatnaşyklaryny işjeň alyp barýan ýurtlaryň hatarynda barýar. Munuň şeýledigine jemi içerki önümiň (JIÖ) depginli ösüşi aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wajyp jemleýji görkezijiniň ösüş depgini boýunça Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda barýar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup, onuň ýokary maýa goýum işjeňligi çykyş edýär. Şunda, maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 1/10 bölegi daşary ýurt göni maýa goýumlaryndan durýar. Bu bolsa, daşary ýurt maýa goýujylarynyň Türkmenistana we onuň saýlap alan ykdysady özgertmeler ýörelgesine bolan ynamlarynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Sebäbi, bu ýagdaý Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly möçberlerde göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatynda alyp barýan syýasatynyň netijesinde döreýär.
Türkmenistanda geljek ýyllarda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etjek, şeýle hem türkmenistanlylaryň durmuş derejesini düýpgöter özgertjek we ony hil taýdan has-da ýokary derejelere göterjek ençeme iri taslamalar we milli maksatnamalar durmuşa ornaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ähli amala aşyrýan başlangyçlary Balkan welaýatynyň häzirki çäklerini öz içine alýan Türkmenistanyň günbatar sebitine hem degişlidir. Bu sebitiň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy, tebigy we howa şertleriniň aýratynlyklary, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gor baýlyklarynyň baýlygy we köpdürliligi, adam maýasynyň hil taýdan taýýarlyklylygy we Balkan welaýatynyň ençeme beýleki oňyn häsiýetleri bilen şertlenendir. Ýurdumyzyň günbatar sebiti Türkmenistanyň senagat taýdan ösen sebitleriniň hataryna girýär, onda ilatyň esasy bölegi şäher ýerlerinde ýaşaýar.
Geçen döwürlerde welaýatyň ykdysadyýetinde mineral-çig mal we uglewodorod serişdelerini, hususan-da nebiti we gazy, mineral duzlaryny gazyp çykarýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň paýy örän ýokarydy. Öndürilýän önümleriň esasy bölegi ýurduň daşyna eksport edilýärdi. Soňky ýyllarda welaýatda ýeňil we azyk senagatynyň pudaklary hem ýokary depginler bilen ösdürildi. Daşary ýurt öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan iri maýa goýum taslamalarynyň hataryna deňiz ýalpaklarynyň türkmen böleginde nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işlemek we polimerleri öndürmek, polietilen we polipropilen önümçiligi, karbamid önümçiligi we gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça düýpli önümçilik kuwwatlyklary degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň sebit özgertmeleriniň naýbaşylarynyň biri hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde daşary ýurt we watandaş maýa goýujylar, syýahatçylyk ugrundan işewürler üçin amatly şertler döredilýär.
Dünýä hojalyk ulgamyna amatly ugurlar bilen aralaşmak üçin Türkmenistan bu sebitde ösen ulag ulgamlaryny döredýär. Balkan welaýatynda geçen ýakyn döwürde “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demir ýol geçelgesi, Türkmenbaşy şäherinde sagatda 800 ýolagça ýokary hilli hyzmat etmek mümkinçiligi bolan aerowokzal toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Ähli ulag görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzüminde parom, ýolagçy hem-de konteýner terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we gämiabatlaýyş zawody, kenar düzüminiň köpsanly beýleki desgalary, ulag üpjünçilik düzümleri, estakadalary bolan awtomobil we demir ýollary ulanylmaga berildi. Sebitde ulanyşda bolan halkara ähmiiiýetli awtomobuil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak babatynda işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar, Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu işleriň ählisi Türkmenistana ulaglaryň ähli görnüşleri: suw, demir ýol, awtomobil we howa ulaglary bilen ähli ugurlarda we gysga möhletlerde ýük daşamaklygy üpjün edýärler. Türkmenbaşy şäheri ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ýükleriniň gatnawyny dolandyrýan wajyp ulag-logistiki merkeze öwrülýär. Şonuň üçin, hormatly Prezidentimiziň Hazaeýaka döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda öňe süren başlangyçlary gyzgyn goldanylýar.
Türkmenistan Hazar sebitinde halkara söwdalarynyň möçberini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligi bar bolan ýurtdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty barada şeýle belleýär: “Bu syýasat ýurdumyzyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert bolup durýar. Onuň bäsdeşlige ukyply bolmagyny, mynasyp hyzmatdaş hökmünde mertebesini berkidýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki diplomatik abraýyny ýokarlandyrýar”.
«Maliýe we ykdysadyýet»