Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, umuman, oňat netijeler gazanyldy. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý bilen bagly anyk kynçylyklara garamazdan, biz pudaklaryň ösüşinde ýetilen derejäni peseltmän saklamak üçin mümkinçilik we serişde tapdyk.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, biz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini 5,7 göterim artdyrdyk. Zähmet haklarynyň möçberini hem 9,5 göterim köpeltdik.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolardan 1 771 desganyň gurluşygyny öz kärhanalarymyzyň amala aşyrýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Biz birinji çärýekde göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalary hem bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga berdik. Şol desgalaryň hatarynda 166 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanan ykdysadyýeti emele getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan–Owganystan– Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasatymyzy dowam edýäris. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçilerimizi giňden çekmäge aýratyn üns berýäris.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, birinji çärýekde täze döredilen hususy we döwlet kärhanalarynyň sany 3,9 esse artdy. Umuman, häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 62,3 göterime barabar boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hem ösüş duýulýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýangyç-energetika pudagy hasaba alynmanda, ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 göterim artdy. Şeýle hem, daşary ýurtlardan getirilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň möçberi 18,9 göterim azaldy.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň amala aşyrýan hoşniýetli goňşuçylyga, dünýäde parahatçylygy goldamaga, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde at-abraýy hem barha artýar.

Şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC-yň) mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017–2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna; 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna; 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy.

Bu şatlykly waka mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda bizi has-da guwandyrýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär. Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyna we dünýäde tutýan ornunyň berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy ýurdumyzyň bu abraýly halkara Guramasynyň komissiýalaryna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, umuman, oňat netijeleri gazanandygymyza garamazdan, häzir dünýä ykdysadyýetinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.

Öň hem belläp geçişim ýaly, şeýle çylşyrymly şertlerde biz netijeli we tutanýerli işlemelidiris. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebit pudagy bilen bagly bolmadyk beýleki pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmegi dowam etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny çalt depginler bilen durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermeli. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly.

B.Hojamämmedow, şeýle hem, maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylary, ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmeli. Pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmäge, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmaga aýratyn üns bermeli.

Häzirki şertlerde maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmaly. Maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga uly üns bermeli. Milli pulumyzyň hümmetiniň we satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmeli.

Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň we döwletimiziň gyzyl puldaky ätiýaçlyk gorunyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen zerur işleri durmuşa geçirmeli.

Puluň hümmetsizlenmegini bellenen möçberden ýokary geçirmän saklamak, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Bank ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetini dolanyşykdaky pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmeli. Ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini goldamak üçin, banklaryň karz serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça işjeňligini has-da ýokarlandyrmaly. Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny (Oba milli maksatnamasyny) we beýleki Milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etmeli.

E.Orazgeldiýew, häkimler we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary!
Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri has çaltlandyrmaly. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagy gazanmaly.

Oba hojalygynda häzirki döwürde biziň öňümizde örän möhüm iki wezipe durýar. Bu wezipeler gallanyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekden we ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat. Gowaça ekişini bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmeli. Ähli agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmeli.

Nesip bolsa, biz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. Bu baýram ýurdumyzyň durmuşynda örän uly wakadyr. Şoňa görä-de, Bedew baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaraly çärelere düýpli taýýarlyk görmeli. Bu baýrama bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyny ýokary derejede guramaly.

Ý.Kakaýew, nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary! Ýangyç - energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Täze kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermeli. Açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Şu ýylyň ikinji çärýeginde Mary we Lebap welaýatlaryndaky esasy gaz känlerinde göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyny tamamlamaly.

Ý.Kakaýew, Siz B.Hojamämmedow bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy düzgünleşdirmek boýunça işleri geçirmeli. Toplumyň pudaklaryny saklamak we olaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolmadyk çykdajylary azaltmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi dowam etmeli. Nebitgaz pudagynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen bagly meselä hem aýratyn üns bermeli!

B.Atdaýew, B.Ereşow, söwda we senagat toplumlarynyň ýolbaşçylary!
Siz, gözegçilik edýän pudaklaryňyzyň ýolbaşçylary bilen bilelikde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu ugurda daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmeli.

Biziň sahawatly topragymyz gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara örän baý. Bu baýlyklary özleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Tebigy baýlyklaryň gorlaryny senagat taýdan özleşdirmäge aýratyn üns bermeli.

Bu möhüm işe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem çekmeli. Tebigy baýlyklary özleşdirmek bilen meşgullanýan kärhanalara zerur ýeňillikleri döretmeli.

Ýurdumyzda elektrik energiýasy köp möçberde öndürilýär. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, alýuminiň, metal erginleriniň önümçiligini, düýpli ylmy barlaglara esaslanýan önümçilikleri ösdürmek ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ilkinji nobatdaky wezipesine öwrülmelidir.

Ýakyn wagtlarda men ýurdumyzyň telekeçileri bilen duşuşyp, olaryň öňünde durýan wezipeleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýaryn.

G.Mämmedowa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary!
Ýakyn wagtlarda biz köp sanly medeni çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şolaryň hatarynda Bedew baýramy, 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri, halkara maslahatlary we beýleki köp sanly medeni çäreler bar.

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. Şoňa görä-de, şanly baýramyň bellenýän ýylynda bu baýramçylygy we medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görmeli.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli reformalary we özgertmeleri doly beýan etmek, öňküsi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri we gazanylýan uly üstünlikleri giňden wagyz etmek arkaly bu özgertmeleri amala aşyrmaga ýakyndan goldaw bermelidirler. Ruhy gymmatlyklarymyzyň we milli däp-dessurlarymyzyň binýadynda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmelidirler. Ýurdumyzda durmuş we ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda medeniýet ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmelidirler.

S.Toýlyýew, welaýatlaryň häkimleri, sport, bilim we ylym ulgamlarynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talabalaýyk guramak siziň öňüňizde durýan esasy wezipeleriň biridir. Siz dünýä derejeli türgenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.

5-nji aprel – 5-nji maý aralygynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede geçirmeli. Bu çärelere ýurdumyzyň sport mekdepleriniň ählisini çekmeli.

Bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesi esasynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Şonuň ýaly-da, ýaş alymlary taýýarlamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli.

Tomus möwsümi hem golaýlap gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerini möwsüme häzirden doly taýýar etmeli.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary!
Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işleri alyp barmaly. Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşyk işlerini dowam etmeli. Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň, täze howa menzilleriniň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamaly.

Pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Pudaklara kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Ýurdumyzyň halkara ulag ulgamyna üstünlikli goşulmagyna gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmaly. Şu maksat bilen, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça öňe süren başlangyjymyzy durmuşa geçirmegi üpjün etmeli.

Möhüm taslamalaryň biri bolan, kontinentleri birleşdirýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Häzirki döwürde bu taslamalarda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmaly. Maglumat ulgamlaryna goşulmak, ulag pudagynyň ähli ugurlarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyna geçmek möhüm wezipeleriň biridir.

Ş.Durdylyýew, maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri! Beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, hususy telekeçileri çekmek arkaly döwrebap şäherçeleri, desgalary, aýratyn hem, durmuş maksatly desgalary bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurup, ulanmaga bermek siziň öňüňizde durýan esasy wezipedir. Şeýle hem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny özümizde öndürilýän materiallar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Energetika pudagynyň işgärleri gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmaga aýratyn üns bermeli. Awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmeli.

A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly. Şu ýyl geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna häzirden düýpli taýýarlyk görmeli.

Berlen tabşyryga garamazdan, mysal üçin, käbir welaýatlarda çäk bölünişigi bilen bagly meseleleriň üstünde doly işlenmedi. Mejlisiň deputatlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalary ähli ýerlerde, aýratyn hem, etraplarda amala aşyrmaga has işjeň gatnaşmaly.

Şu ýylyň ikinji çärýeginde möhüm çäreler – daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlary we Hökümet wekiliýetimiziň daşary ýurtlara saparlary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, halkara maslahatlaryny geçirmek bellenilýär. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligi bu çärelere düýpli taýýarlyk görmeli. Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek boýunça berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!

Men size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
(TDH)