Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň maliýe ministrini kabul etdi

Er-Riýad, 1-nji maý (TDH). Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň maliýe ministri, Saudyň Ösüş gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Ibrahim Abdulaziz Al-Assafy kabul etdi.
Ibrahim Abdulaziz Al-Assaf ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Er-Riýadda ýokary derejeli gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de türkmen Lideriniň bu saparynyň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen köp ugurly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň hem munuň subutnamasydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň arasyndaky taryhy taýdan kemala gelen ruhy-medeni umumylyga we mizemez dostluk arabaglanyşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen işjeň aragatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu sapara gabatlanan işewürler maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu maslahatyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, tejribe alyşmaga, maýa goýum işini höweslendirmäge we netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk pudagy, himiýa senagaty, ulag we aragatnaşyk pudagy, maliýe ulgamy görkezildi.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, saud arabystanly hyzmatdaşlara iki ýurduň milli ykdysadyýeti üçin wajyp bolan bu esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine jikme-jik öwrenmegi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň maliýe ministri Ibrahim Abdulaziz Al-Assaf birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki doganlyk halklaryň özara gyzyklanmalarynyň we erk-isleginiň, däbe öwrülen uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.