Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmek hakyndaky kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.
Bu resminama ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy maksatnamalarynda bellenen möhüm wezipeleri nazara almak arkaly düzüldi. Taslamada döwletimiziň esasy maliýe resminamasyny düzmek üçin ministrlikler, pudak edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary we maglumatlary taýýarlamagyň tertibi hem-de möhletleri anyk kesgitlenildi. Şeýle hem degişli hünärmenler üçin usuly gollanmalary taýýarlamak we maslahat-düşündiriş işlerini geçirmek bellenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň taslamasy düzülende önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, täze kärhanalary hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmek, hususy ulgamy höweslendirmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli sebitlerde döwrebap düzümi döretmegiň, durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary bolmagynda galýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Karara gol çekip, wise-premýere 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we onuň bilen bagly guralýan halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Foruma dünýäniň 37 döwletinden iri nebitgaz kompaniýalarynyň, döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
VII halkara Gaz kongresiniň gün tertibine energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijilerini gurmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak babatyndaky başlangyçlary, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleler giriziler. Forumyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem “Gündogar-Günbatar” energetika geçirijilerini döretmek meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Gazy gaýtadan işlemek pudagynda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda halkara tejribesine aýratyn üns berler.
Milli Liderimiz gaz pudagynda täze iri desganyň – tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň gurluşygyna badalga bermek bilen baglanyşykly öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatynda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary tehnologiýaly taslamanyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boljakdygyny aýtdy, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan dürli gazhimiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmak bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
Milli Liderimiz VII halkara Gaz kongresiniň ähmiýetini belläp, bu forumyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, bu möhüm ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary hem-de tejribe alyşmalary giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan biziň ýurdumyz sebit we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň deňeçir çözgütlerini işläp taýýarlamak wezipelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere VII halkara gaz kongresiniň hem-de onuň bilen bagly guraljak serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow senagat ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, baýramçylyk günlerinde Türkmen halysynyň milli muzeýinde däbe öwrülen Halkara sergisi we onuň çäklerinde türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň ХVI mejlisi guralar. Sergide köne gymmatlyklar bilen bir hatarda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň telekeçi düzümleriniň halyçylarynyň taýýarlan täze halylary we haly önümleri görkeziler.
Halkara maslahatyna Ýewropanyň we Aziýanyň 14 ýurdundan myhmanlar geler. Olar Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralara hem gatnaşar. Baýramçylyk çäreleriniň barşynda haly sungatynyň milli däplerini ösdürmäge uly goşant goşan pudagyň işgärlerini sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halysynyň baýramçylygynyň milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň sanawynda halkymyzyň ajaýyp gymmatlygyna çuňňur hormatyň nyşanydygyny belläp, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýaýbaňlandyrylýan bu dabaralaryň has-da ähmiýetlidigini aýtdy. Milli ruhy-medeni mirasymyzyň deňsiz-taýsyz gymmatlygyny aýawly saklamak, gözelligi boýunça ajaýyp hasaplanýan el halylary dokamak bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda halyçylaryň netijeli işini üpjün etmek, türkmen halylarynyň şöhratyny artdyrmak üçin zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, gadymy hünäri dowam etdirijileriň zähmetine ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralary barada aýdyp, oňa bagyşlanan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ýekeleme işleri we ilkinji hatarara bejergileri alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg işleri, galla kabul edýän bölümleri we degişli tehnikalary taýýarlamak işleri ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2016-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2016-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” Karara gol çekip, degişli resminamany ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz galla oragynda işlediljek kombaýnlara tehniki hyzmat, ýygnalan gallany ammarlara bökdençsiz daşamak, gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik kuwwatlyklaryny we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly beýleki meseleler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda senagat zolagyny, şol sanda döwrebap enjamlar bilen üpjün ediljek önümçilik desgalaryny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat desgalarynyň gurluşygynda ykdysadyýetimiziň telekeçilik düzümleriniň mümkinçilikleriniň artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň hojalyk we işewür başlangyçlarynyň höweslendirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň çözgüdinde bu işleriň netijeli alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň işewür düzümleriniň ýokary depginleriniň milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyna, senagat we eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna telekeçileriň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirip, söwda-ykdysady ulgamda döwletiň we hususyýetçiligiň gatnaşyklaryny ösdürmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ulag pudagynyň düzümleýin bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagynyň durnukly ösüşiniň ulgamyň kuwwatlyklarynyň berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň üpjün edilmeginde bu ulgama möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda milli Liderimiz ýolagçy we ýük dolanyşygy ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işlere hemişe gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn edaralaryň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň ulag ulgamyny ösdürmekde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belläp, wise-premýere tehnikalara ýokary hilli hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mämmedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýer baýramçylyga bagyşlanyp, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeni – aň-bilim edaralarynda dürli sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary guramagyň, sahna oýunlarynyň görkezilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Asylly däbe görä, medeniýet, sungat ussatlaryndan, ylym we bilim ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna-- beýik türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň baky aram tapan künjegine zyýarat ederler.
Paýtagtymyzda Konstitusiýa binasyna hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler, sungat ussatlarynyň konserti bolar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde, kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar, şygryýet agşamlary geçiriler.
Wise-premýer Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada aýdyp, bu medeni çärä gatnaşmak üçin Tährana medeniýet, sungat ulgamynyň wekilleriniň toparynyň iberiljekdigini belledi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, ýazyjylaryň eýranly kärdeşleri bilen duşuşyklary, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de medeniýetiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň milletiň ruhy gymmatlyklaryny artdyrmakda, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde aýratyn möhüm ähmiýetini nygtap, medeniýetleriň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, medeniýet ulgamy edaralaryny milletimiziň örän baý ruhy mirasyny mundan beýläk-de içgin öwrenmek hem-de ýer ýüzünde wagyz etmek işine çekmegiň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meselesine degip geçmek bilen, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegine ünsi çekip, goňşy döwletler bilen, şol sanda Eýran bilen dostluk hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen halky bilen taryhda emele gelen ruhy gatnaşyklary birleşdirýän dostlukly eýran halkynyň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz türkmen-eýran ynsanperwerlik hyzmatdaşlygymyzyň iki ýurduň arasyndaky hakyky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen we eýran halklarynyň baý özboluşly taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek işinde olaryň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň EYR-daky Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada tabşyryk berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan “Mekdebe çenli terbiýe”, “Orta mekdep” we “Ýokary bilim” atly
ylmy-usuly žurnallary döretmek boýunça işleriň alnyp barlandygy hasabat berildi.
Täze neşirleriň sahypalarynda bu ulgamyň işiniň dürli ugurlaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde öňde durýan möhüm wezipelere, terbiýe bermegiň, okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, bu ugurda milli hem-de dünýä tejribesine bagyşlanan habarlar çap ediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan we mekdebe çenli terbiýäni, orta we ýokary bilimi häzirki döwrüň talaplaryna hem-de derejesine çykarmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamyna täzeçil tehnologiýalaryň girizilmeginiň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, häzirkizaman interaktiw, multimediýa we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmegiň, ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz täze neşirleriň ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işinde, hünärmenleriň hünär we ylmy işlerini kämilleşdirmekde, ylmy usuly hem-de terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, žurnallary döretmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ýene bir gezek seljermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň başlangyjy boýunça giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini gowulandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzda ýerleşýän seýilgähleriň durkuny täzelemek işleriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmelidigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işleriň ählisiniň nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtady we şäher düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, şähergurluşyk tejribesinde bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ählisiniň bökdençsiz işlemegini hem-de paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek meselelerine berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işi barada hasabat berip, ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bitarap Türkmenistan oňyn halkara hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýermek bilen, BMG-niň beýleki agza döwletleri bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüşiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamda öňde duran wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň köpugurly toplumlaýyn maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen bütindünýä Sammitinde biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Sammitde eden çykyşynda bu uzakmöhletleýin Maksatnamany durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň garaýyşlaryny hem-de çemeleşmelerini beýan etdi we halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolan anyk teklipleri öňe sürdi. Häzirki wagtda bu başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda BMG durnukly ösüşiň dürli ugurlary boýunça degişli işleri geçirýär. Ulag ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak şu işiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň dekabrynda ulag meselesi boýunça ikinji kararnamany biragyzdan kabul etdi. Şu resminama laýyklykda, şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Toplumlaýyn esasda hem ýokary derejede öňümizdäki giň möçberli foruma taýýarlyk görmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda degişli guramaçylyk komiteti döredildi, onuň birinji mejlisi 17-nji aprelde geçirildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri bu ugurda görülýän anyk çäreler barada hasabat berip, Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamenti hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen bilelikde maslahatyň konsepsiýasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Forumyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy bilen bagly işler dowam etdirilýär. Oňa umumy mejlislerden we ýöriteleşdirilen mejlislerden başga-da, beýleki çäreleriň birnäçesini, şol sanda awtomobil ulagy we enjamlar sergisini, tanyşdyryş çärelerini, halkara resminamalaryna gol çekmek dabaralaryny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary hem-de gepleşikleri goşmak göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň gün tertibine wajyp meseleleriň birnäçesini girizmek meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda durnukly ulag we daşky gurşawyň üýtgemegi, energetika we ulag, şäher ulag ulgamy hem-de şäherleriň we obalaryň arasynda ýol-ulag kommunikasiýalary, ulag pudagyna maýa goýumlary we ony maliýeleşdirmek, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hem-de onuň hukuk esaslary, köptaraply ulag geçelgelerini ösdürmek we olaryň düzümleri, ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler bar. Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtap, bu ulgamyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň orny eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly utgaşykly ulag gatnawlarynyň ulgamyny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan teklipleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň amatly ýerleşişi sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde onuň derejesiniň berkidilýändigini şertlendirýär. Ýurdumyz bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalşyp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň utgaşdyrmagyny üpjün edýän iri logistiki merkezleriň döredilmegine ýardam etmelidir.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol çäreleriň çäklerinde bu ulgamda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen ulag-üstaşyr ulgamy boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, türkmen paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýynyň barha artýandygynyň, Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu strategiki ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge saldamly goşant boljak öňümizdäki forumyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine maslahata ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini we geçirilmegini üpjün etmek, degişli meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlemek we wagtynda çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilýän milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu baýramçylyga gabatlanylyp “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň maksatlary, wezipeleri we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Gündelik işleriň çäklerinde Mejlisiň komitetleriniň ýurdumyzyň ilatyndan Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşine goşmaçalary hem-de üýtgetmeleri girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri içgin öwrenýändikleri bellenildi. Parlamentiň ýolbaşçysy häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigi boýunça taýýarlanylan teklipler, şeýle işleriň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem alnyp barylýandygy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp wezipelerini hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmegiň, özygtyýarly Türkmenistan tarapyndan toplanan hem-de tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän syýasy we döwlet gurluşygynyň oňyn tejribesini giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belläp, Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň 24 ýyllygyna gabatlanylyp guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

TDH