Saud Arabystanyndaky Söwda sergisinde Türkmenstanyň sergi bölümi görkezildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdşalyk Guramasyna agza ýurtlaryň 15-nji söwda-sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň önümleriniň sergisi açyldy, bu çäre şu hepdede birnäçe günüň dowamynda ýaýbaňlandyrylar. Ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisi döwlet baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, maý aýynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saudy Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerde dürli ugurlar boýunça türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem geljekki hyzmatdaşlaryň – döwlet, şeýle hem hususy düzümleriň arasynda ýakyn işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän duşuşyklaryň hem-de işewürler maslahatlarynyň geçirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda eksport-import kuwwatlyklaryny artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döwlet Baştutanymyz Er-Riýad şäherinde guraljak sergä gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleri görkezmek üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň iberiljekdigini aýdypdy.
Sergide görkezilýän Türkmenistanyň önümleri bu ýere gelýän köpsanly adamlara ýurdumyzda dürli ulgamlarda gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şeýle üstünlikler önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly senagata, gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirkizaman düzümlerine daýanýar, munuň özi dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär.
Sergä şeýle hem türkmen telekeçileriniň gatnaşýandygy ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Munuň özi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgytlar we karzlaşdyrmak syýasaty bilen şertlendirilendir.
Şeýle amatly ýagdaýyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hususy bölegi işjeň ösdürmek maksadynda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, içerki bazary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmäge, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga, milli ykdysadyýetimizde ýurdumyzyň işewürleriniň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.