Birža täzelikleri 29-njy Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. Şotlandiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna pagta ýagy, nah ýüplük we arassalanan galyndy, pagta süýümi, buýan köki ýerlenildi. Olary Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 60 million 986 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine russiýaly we türkiýeli işewürler jemi bahasy 1 million 74 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 156 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT), pagta süýümini we awtoulagy satyn aldylar.