Türkmenistanyň auditorlaryna we auditorçylyk guramalaryna

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň kanunçylyk namalaryny öňdebaryjy tejribeden ugur almak bilen döwrebaplaşdyrmak we olary umumy ykrar edilen halkara talaplaryna laýyk getirmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek we täze kanunlary kabul etmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan bu ugurda degişli işler geçirildi we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda „Auditorçylyk işi hakynda“ Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen gönüşi kabul edildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 14320-nji karary bilen „Auditorçylyk işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama“ tassyklandy, „Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnama“ Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 900 san bilen bellige alyndy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary auditorçylyk işini amala aşyrmak we ony ygtyýarlylandyrmak üçin esas bolup durýar.
Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylanda auditorçylyk işini ygtyýarlylandyrmak boýunça halkara tejribesi we milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary nazara alnyp, ygtyýarnama bermegiň düzgünleri has kämilleşdirildi, ygtyýarlylandyrmaga bildirilýän hökmany talaplara gaýtadan seredildi. Ygtyýarnama almaga dalaş edýänlere bildirilýän talaplar we şertler has-da takyklanyldy.
Ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi we täze kanunlaryň kabul edilmegi netijesinde auditorçylyk işini amala aşyrmak we ony ygtyýarlylandyrmak boýunça bildirilýän talaplaryň we şertleriň üýtgändigi sebäpli, auditoryň hünär derejeli şahadatnamasynyň hereket edýän möhletini uzaltmak hem-de olary gaýtadan resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda, ykdysadyýetde, maliýe we beýleki ulgamlarda bolup geçen üýtgeşmeleri hem-de özgerişleri hasaba almak bilen auditorlaryň arzalary esasynda gaýtadan hünär synaglary tapgyrlaýyn geçirilýär. Gaýtadan hünär synagy 100 soragdan ybarat soragnama esasynda bir günde (üç sagat wagt bermek bilen) test tabşyrmak gönüşde geçirilýär, hünär synagyndan üstünlikli geçmek üçin dalaşgär tarapyndan berlen dogry jogaplaryň sany testde bar bolan soraglaryň 5-den 4 böleginden az bolmaly däldir.
Gaýtadan hünär synaglarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary, hojalyk işiniň seljermesi, auditiň milli standartlary, auditorçylyk, salgyt, gymmatly kagyzlar bazary, paýdarlar jemgyýetleri, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, bank we ätiýaçlandyryş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, esasan hem täze kabul edilen kanunçylyklar hökmany dersler we ugurlar hasaplanylýar. Şoňa laýyklykda auditorlara bu ugurlar boýunça taýýarlanmak maslahat berilýär.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi ozal berlen auditoryň hünär derejeli şahadatnamasynyň hereket edýän möhletini uzaltmak boýunça auditorlaryň arzalaryna laýyklykda Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň hünär synagyny geçirmek boýunça Topar tarapyndan gaýtadan hünär synaglarynyň Ministrligiň binasynda tapgyrlaýyn we yzygiderli geçirilýändigini auditorlaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň dykgatyna ýetirýär.
Şeýle hem, ätiýaçlandyryş guramalarynyň auditi, karz edaralarynyň we bank işiniň auditi, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň auditi boýunça hünär synaglarynyň geçirilýändigini hem-de bu ugurlar boýunça ygtyýarnamalaryň berilýändigini isleg bildirýän auditorlaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň dykgatyna ýetirýär.
Hünär synaglarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary, hojalyk işiniň seljermesi, auditiň milli standartlary, auditorçylyk, salgyt, gymmatly kagyzlar bazary, paýdarlar jemgyýetleri, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, bank we ätiýaçlandyryş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, esasan hem täze kabul edilen kanunçylyklar hökmany dersler we ugurlar hasaplanylýar. Şoňa laýyklykda auditorlara bu ugurlar boýunça taýýarlanmak maslahat berilýär.