Ýylyň iň ökde ykdysatçysy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüşler gazanylýar. Berkarar Watanymyzyň ykdysady taýdan ösen dünýä döwletleriniň hatarynda mynasyp ornuny yzygiderli pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köp ugurly syýasatyny durmuşa geçirmek işine döwletimiziň beýleki ulgamlary bilen deň derejede, ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde milli ykdysady pudagymyzyň hemme ugurlary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, dünýäde toplanan oňyn iş tejribesi, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen deň gadam urýan ösüşleri üpjün etmekde pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň ýokary iş taýýarlygyna, bilim-sowadyna, olaryň hünäriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de pudaklaýyn geňeşleriniň welaýat birleşmeleriniň gatnaşmagynda guralýan hünär bäsleşikleri bu ugurda oňyn öňegidişlikleri gazamnagyň, bar bolan öňdebaryjy iş tejribesini giňden ýaýratmagyň hem ornaşdyrmagyň, pudagyň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň döwrümiziň talaplaryna doly laýyk bolmagyny üpjün etmegiň işjeň serişdesine öwrülýär.
Halkymyzyň naýbaşy buýsanç toýunyň öňüsyrasynda geçirilmesi döwrümiziň asylly däbine öwrülýän şeýle bäsleşik Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak hem-de agzalaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. “Ýylyň iň ökde ykdysatçysy” atly hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edaralarynyň, şeýle hem welaýat we Aşgabat şäher Baş müdirlikleriniň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.    |
Ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanan bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Onuň düzgünnamasyna ata Watanymyzyň milli ykdysadyýeti, geografik gurluşy, edebi hem-de medeni mirasy, şeýle-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça sowallar girizildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirligine wekilçilik edýän Amangözel Şajikowa 1-nji, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň işgäri Raşit Annadurdyýew 2-nji, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Lebap welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň işgäri Şöhrat Babaýew 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlaryň ählisi bäsleşigi yglan eden taraplaryň hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşikde birinji orny eýelän Amangözel Şajikowa “Ýylyň iň ökde ykdysatçysy” atly kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar Watanymyzyň şanyna gazanylýan buýsançly ýeňişleriň höwri köp bolsun!
“Altyn Asyryň ykdysadyýeti”.