Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan-pakistan bölegindäki gurluşygyna ilkinji pul serişdelerini goýberdi

3-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 milliondan gowrak dollar bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.
Häzirki wagtda TOPH-yň türkmen böleginde meýdan barlag işleri tamamlandy diýen ýaly. Taýýar edilen 24 kilometr uzynlykdaky meýdanyň ugry boýunça geçirijileriň çekilmegi hem-de kebşirlenilmegi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, türkmen bölegindäki işleri 2018-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijiniň gurluşygyny we ulanylyşyny üpjün edýän “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy uly işleri, şol sanda Dubaýdaky baş edarasynda taslama gatnaşmaga ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we maliýe institutlar bilen gepleşikleri alyp barýar.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli maliýe serişdelerini bölüp bermek barada kabul eden çözgüdi--munuň özi “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gail /India/ Limited” /Hindistan/, “Inter state gas systems /Private/ Limited” /Pakistan/, “Afghan Gas Enterprise” /Owganystan/, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýalaryň hem-de “Galkynysh Pipeline Company” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  arasyndaky Maýa goýum ylalaşygyna laýyklykda, gönüden-göni gaz geçirijiniň gurluşygyna gönükdirilen ilkinji geçiriljek serişdelerdir.
Geçen ýylyň 13-nji dekabrynda gurulmagyna badalga berlen bu ägirt uly transkontinental energetika geçirijisi sebit möçberinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda hem ähmiýetli waka öwrüldi. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny, şol sanda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna kemala getirmek Türkmenistanyň energetika senagatynyň  wajyp ugry bolup durýar.  
TOPH-yň uzynlygy takmynan 1814 kilometre barabar bolar. Şunda biziň ýurdumyzyň çäklerinden turba geçirijiniň 214 kilometri çekiler. Ol soňra Owganystanyň Hyrat we Kandagar, Pakistanyň çäkleri boýunça Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçer hem-de Hindistanda Fazilka ilatly nokadyna baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň gurulmagy netijesinde, 12 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler, bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder.
Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ýerüsti kömekçi düzümleri goşmak bilen, ony 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Bu döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde häzirki wagtda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri, şol bir wagtda diametri 1420 millimetr bolan turbalary ýerleşdirýärler hem-de birnäçe tapgyrlarda olary kebşirleýärler. Munuň özi işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň “mawy ýangyja” bolan barha artýan zerurlygyny üpjün etmäge kömek eder. Şol ýurtlarda 2030-njy ýyla çenli şeýle islegler iki esse artyp biler. Mundan başga-da, ol üstaşyr ýurt bolan Owganystanda energiýa serişdelerine bolan hemişelik gytçylygy azaldar. Mundan başga-da, Bangladeş hem taslama isleg bildirýär. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony ýük gämiler arkaly iberýär.
Bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hem-de onuň ulanylmagy bilen baglanyşykly işlere “Türkmengaz” döwlet konserni ýolbaşçylyk edýär. Tebigy gazy gazyp almak we ibermek, turba geçirijileri gurmak ulgamynda önümçilik işleriniň 50 ýyldan gowrak tejribesine eýe bolan konsern “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga meýilleri barada Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleri beýan etdiler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 20-21-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň çäklerinde bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmegiň hem-de oňa maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanylan tegelek stol geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynyň üç esasy ugurlaryna garaldy: hususan-da, taslamany turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan söwda ugry boýunça; maliýeleşdirmek ugry boýunça— karz serişdelerini bermek;—geljekde maýadarlaryň Türkmenistanyň gury ýerdäki “Galkynyş” örän iri gaz känini özleşdirmäge goşulyşmagy hem-de “TAPI” konsorsiumyna gatnaşmagy bilen, maýa goýum ugry boýunça meselelere garaldy.
Häzirki wagtda “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri “Galkynyş” ýatagyndan Owganystanyň serhedine çenli uzynlygy 214 kilometr bolan turba geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyny alyp barýarlar. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň potratçysyny halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça saýlarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslamasy bolman, eýsem, örän uly syýasy ähmiýetli birleşdiriji ýagdaýdyr.
Bu bolsa halkara energetika giňişliginde döwletleriň bähbitleriniň utgaşýandygyny we birleşýändigini tassyklaýar, diýmek, uly geosyýasatda bu ýagdaýlar iş ýüzünde amala aşyrylyp bilner. Bu taslama syýasy erkiň hem-de netijeli çemeleşmäniň bolan ýagdaýynda baş maksady – öndürijileriň, üstaşyryjylaryň hem-de energiýa serişdelerini sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmegi gazanyp bolýandygynyň ynandyryjylykly subutnamasydyr.
Eýýäm häzirden TOPH barada geljekde Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de ýakyndaky sebitleriň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edip biljek, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň bütin ulgamyna goşmaça güýç berip biljek anyk hem-de iş ýüzündäki durnuklaşdyryjy ýagdaý hökmünde aýdyp bolar.