Gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünligi

Ýurdumyzyň edermen gallaçylary ýetip gelýän Galla baýramyny aýratyn joşgun bilen garşylaýarlar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna olar ajaýyp zähmet üstünligini gazanyp, eziz Watanymyzyň bereketli harmanyna guşgursak dänäniň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Gujurly ekerançylar öz şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilendigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa buýsanç bilen habar berip, döwlet Baştutanymyza oba hojalygyny ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladasy, daýhanlaryň netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşlerine tehniki hyzmatlar, mineral dökünleri, ýokary hilli tohumlar hem-de ösümligi zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler ýeňillikli bahalardan berilýär. Döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alýar, tabşyran önümleri üçin haryt öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi şu orak möwsüminiň barşynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam etdi.
Oba hojalyk toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimizi ata Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Ýeri gelende ýatlasak, şu ýyl ýurdumyzda güýzlük däne ekini üçin 760 müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň agramly bölegine bugdaýyň ýokary hasylly sortlary, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan görnüşleri, hususan-da, “Sähraýy”,  “Juwan”,  “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Wassa”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa – 100”, “Batko”,   “Krupinka” sortlary ekildi. 2016-njy ýylyň galla oragynda “Case”,  “New Holland”, “John Deere” we “CLAAS”  ýaly däne orujy kombaýnlaryň 1 müň 562-si ulanyldy. Göçme abatlaýyş –mehaniki toparlaryň 350-si gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edip, olary ähli zerur zatlar—ýangyç, ýag-çalgy serişdeleri, atiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdiler. Dänäniň kabul ediş bölümleriniň 158-sine,   ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 6 müň 900-den gowragy üpjün etdiler. Mehanizatorlar, sürüjiler we däne oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin ýurdumyzyň meýdanlarynda iň oňat durmuş şertleri döredildi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda guraldy.
Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup, Ahal welaýatynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen gelip, ak bugdaýyň 450 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Olaryň yzysüre döwlet buýurmasyny Daşoguz welaýatynyň gallaçylary üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna saýlama dänäniň 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Lebap welaýatynda hem bereketli hasyl ýygnaldy—350 müň tonnadan gowrak, Mary welaýatynda-da 380 müň tonnadan gowrak guşgursak däne ýygnaldy.
Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Bu ugurda milli Liderimiziň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge, pudagyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga  tarap başyny başlan ugry netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maksatnamasynda 2015-nji ýyla çenli döwür üçin kesgitlenen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde ykrar edilen azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Ýörite sylagyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşlerine  döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi täze tehnikalar bilen üpjün edilýär we döwrebaplaşdyrylýar, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär.  Oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar we enjamlar satyn alynýar.  
Ähli welaýatlarda derýalaryň suwy bilen doldurylýan täze suw howdanlarynyň, şeýle hem sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen gidrotehniki desgalaryň gurulmagy, çölüň içinden çekilen Garagum derýanyň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy—bularyň hemmesi täze ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna girizmek we özleşdirmek maksady bilen, suwarymly ekerançylygyň hajatlaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Melioratiw işleri Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde täze derejä çykaryldy. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk meýdanlaryndan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenendir. Öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalaryň, ýokary hasylly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen çörek önümlerini öndürýän täze iri kärhanalary mysal hökmünde görkezmek bolar. Olaryň düzümine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen elewatorlar, degirmenler, saýlama bugdaý tohumyny taýýarlaýan bölümler girýär. Bularyň hemmesi içerki bazary özümizde öndürilýän çörek bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistan dänäni daşary ýurtlara iberip başlady, bu bolsa döwletimiziň okgunly ösmeginiň nukdaýnazaryndan örän möhümdir.     
Bugdaýyň satyn alynýan bahalarynyň yzygiderli artdyrylmagy, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar  ekerançylaryň zähmet öndürijiligini, has köp hasyl almaga gyzyklanmasyny artdyrmaga uly itergi berýär.
Bulardan başga-da, "Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda türkmen daýhanlarynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda  ýakynda Daşoguz welaýatynda açylan Bagtyýar zaman we Lebap welaýatynda açylan Berkarar zaman täze döwrebap obalar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, ynha, eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda ýurdumyzyň nusgalyk oba etraby diýen at ugrunda bäsleşik geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýanwar aýynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň jemleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş babatda ýokary görkezijileri gazanjak etraplaryň häkimliklerine ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy gowşurylar. Bäsleşigiň ýeňijileri birnäçe ugur boýunça, şol sanda däne we pagta ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça kesgitlener.
Ozal belleýşimiz ýaly, ýola goýlan asylly däbe görä, galla oragy tamamlanandan soň ýurdumyzda ählihalk baýramy – Galla baýramy giňden we dabaraly bellenilýär. Eziz Watanymyzyň azyk bolçulygyny döretmäge we abadançylygyny artdyrmaga tutanýerli zähmeti bilen goşant goşýan ýurdumyzyň gallaçylarynyň hormatyna milli senenamamyzda esaslandyrylan şanly senä uly baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanyldy. Ol ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gazananlaryna we ösüşine bagyşlanan maslahaty, sergileri, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerini öz içine alýar. Baýramçylygyň çäklerinde 2016-njy ýylyň galla oragynyň gahrymanlaryny sylaglamak dabarasy geçiriler, ýokary netijeleri gazanan gallaçylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Oba we suw hojalyk ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şäher, etrap we welaýat häkimlikleri bilen bilelikde guraýan dabaralaryna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden adamlaryň müňlerçesi gatnaşar. Olar Galla baýramyny—edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmetini we türkmen topragynyň egsilmejek berekedini şöhratlandyrýan baýramçylygy ruhubelent ýagdaýda garşylaýarlar .