Türkmen dokmasynyň görnüşleri we bäsdeşlige ukyplylygy artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dokma senagatyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary arassa pagtadan hem-de ýüpekden, şol sanda ýokary hilli täze taýýar önümleriň hasabyna önümçiligiň görnüşlerini we möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýärler.
Içerki bazaryň isleglerini öwrenmek hem-de ilatyň pasyllara laýyklykda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dizaýnerleri häzirki döwrüň täze meýilleri esasynda egin-eşikleri öndürmek boýunça täze ugurlary işläp taýýarlaýarlar. Şu günler pudagyň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň üsti tomusky dynç alyş döwrüne owadan bezelen ştapelden, trikotaždan, ulular we çagalar üçin jinsi matasyndan taýýarlanan egin-eşikler bilen ýetirildi.
Olar dürli sport lybaslary, jalbarlar, zenanlar üçin köýnekler, başgaplary, süpürgiçler we ýokary islegden peýdalanýan beýleki dokma önümleridir. Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleri üçin ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” merkeziniň tekjelerini ajaýyp öwüşginli dokma önümleri, şol sanda sport lybaslary bezeýär. “Aziada-2017”  atly ýöriteleşdirilen dükan bu sport ýaryşyna bagyşlanan nyşanly lybaslaryň täze nusgalaryny hödürleýär.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň geljegi uly hem-de eksport ugrly pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň okgunly ösüşinde Diýarymyzyň täze ykdysady belentliklere çykmagyna, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň maksatlary öz beýanyny tapýar. Pudagyň öndürýän önümleriniň 80 göterimine golaýynyň daşary ýurt öndürijilderi tarapyndan uly islege eýe bolan diňe bir pagta süýümi, dürli ýüplükler, matalar, örme önümleri däl-de, eýsem, olardan taýýarlanan taýýar önümleriň Türkmenistanyň eksporta iberýän harytlarynyň agramly bölegini tutýandygy  ýurdumyzyň dünýäniň iri dokma senagatly döwletleriň biridiginiň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeler pudagyň bar bolan kuwwatyny we mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ähli ugurlary sazlaşykly ösdürmegi üpjün etmekden ybaratdyr.
Tikin önümçiligi, bäsdeşlige ukyply taýýar önümler bu möhüm ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň esasy şertidir. Gymmat bahaly arassa çig maly gaýtadan işlemegiň tamamlaýjy tehnologiki tapgyryny düzýän bu ugur gönüden-göni ilatyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň diýen ýaly, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän ähli dokma önümleriniň, şol sanda taýýar önümleriň 70 göterimine golaýyny ugradýar, şol önümler dünýäniň belli Cosco, IKEA, Rima, Wal-Mart, Lidi, Bershka, Poll & Bear, River Island we beýleki haryt nyşanlary bilen öndürilýär. Biziň dokmaçylarymyzyň dürli halkara maslahatlaryna we sergilerine üstünlikli gatnaşýandyklary bu ýetilen sepgitleri has-da berkidýär, meşhur kompaniýalary we şereketleri —dokma enjamlaryny hem-de iň täze tehnologiýalary öndürýän we iberýän kompaniýalaryň ünsüni çekýär.
Gatyşyk ýüplükleri hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda taýýarlanýan matalaryň önümçiligi boýunça Ruhabat dokma toplumynyň,  hem-de nah mata önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan Aşgabadyň dokma toplumynda täze önümçilik bölüminiň işe girizilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikinçilik hem-de  trikotaž ugrunyň ösdürilmegine, içerki bazary owadan we ýokary hilli, daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan  önümler bilen üpjün etmäge kuwwatly ýardam berdi. Bu bolsa öz gezeginde eksporta ugradylýan harytlaryň möçberlerini artdyrmaga we görnüşlerini köpeltmäge mümkinçilik berdi.
Gökdepäniň dokma toplumynyň, Türkmenbaşy dokma toplumynyň önümçilik bölümlerinde Ýaponiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan getirilen iň täze ýokary öndürijilikli enjamlar bilen toplumlaýyn täzeden enjamlaşdyrmak işleri geçirildi. Jinsi toplumynyň bölümleriniň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy her aýda Ring görnüşli nah ýüplügiň goşmaça 130 tonnasyny hem-de jinsi matalarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge, bu ýerde oturdylan lazer enjamy bolsa   daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan täzeçil bezelen jinsi önümlerini öndürmäge şert döretdi.
Bu kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagynda olaryň ýöriteleşdirilmeginiň, kärhananyň ýerleşýän künjegine laýyklykda ugurdaş önümleri öndürmegi ugur edinmeginiň, şunda çig malyň ýakynda ýerleşýändiginiň, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň, howa şertleriniň nazara  alynýandygyny bellemek gerek. Önümçilikleri haýsy sebitde ýerleşdirmek meselesiniň oýlanyşykly çözülmegi durmuş nukdaýnazaryndan hem   strategiki taýdan möhüm çözgüt bolup durýar. Köp zähmeti talap edýän tikinçilik pudagynyň ösdürilmegi ilaty iş bilen üpjün etmek wezipelerini çözmekde, köp islegden peýdalanýan harytlaryň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli we has arzan önümleriň hasabyna daşary ýurtdan getirilişini azaltmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň iri tikin kärhanalary – Aşgabadyň “Ahal”, Daşogzuň “Çeper”,  Marynyň   “Ýeňiş”,  Türkmenabadyň tikin fabriginiň durkunyň düýpli täzelenilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy taýýar önümleriň möçberlerini, görnüşlerini, şol sanda dürli pudaklaryň işgärleri üçin ýörite lybaslary taýýarlamagyň hasabyna artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Her bir dokma toplumynyň ýanynda hereket edýän synag-önümçilik bölümleriniň binýadynda modelleşdirmek hem-de dizaýn boýunça mekdepler üstünlikli işleýär, olar milli çeper we bezegçilik ýörelgelerini döredijilikli ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak hem-de ösdürmek boýunça şu ýyl öňde goýlan wezipeleriň ruhuna laýyk gelýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň Modeller öýüniň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan nusgalary daşary ýurtlarda hem bellidir. Biziň gyzlarymyzyň dürli sergilerde görkezýän keteniden, şifondan, mahmaldan we beýleki matalardan taýýarlanan ajaýyp lybaslary daşary ýurt bilermenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen dizaýnerleriniň egin-eşikleri tikmegiň milli ýörelgeleri esasynda  işläp taýýarlaýan häzirki zaman biçimçilik we bezegçilik işleri ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli matalaryň diňe bir iň gowy mahabaty bolmak bilen çäklenmän, olaryň gaýtalanmajak, dünýäniň dürli künjeginde aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýörite lybaslaryň nusgalaryny işläp taýýarlamak we öndürmek pudagyň kärhanalarynyň işleriniň aýratyn ugrudyr. Sport baradaky döwlet komiteti bilen bu ulgamda üstünlikli hyzmatdaşlygyň çäklerinde, türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlarynda çykyş etmekleri üçin owadan, milli nyşanlar bilen hem-de degişli emblema bilen bezelen ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan Aşgabatda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşan  türgenlerimize hem-de tälimçilerimize, hyzmat edýän işgärlere we meýletinçilere niýetlenen ýörite sport lybaslarynyň doly toplumlary taýýarlanyldy.
Häzirki wagtda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin şol oýunlaryň nyşanlary ýerleşdirilen hem-de döwlet derejesinde tassyklanylan sport lybaslarynyň dürli görnüşlerini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu önümleriň arassa nah matalardan we gatyşyk matalardan, şol sanda Ruhabat dokma toplumynda, Gypjagyň we Gökdepäniň dokma toplumlarynda, paýtagtymyzyň “Aşgabatdokma”   we “Türkmenbaşydokma”, Jinsi toplumynda, şeýle hem “Ahal”, “Bahar”, “Bezeg” tikin fabriklerinde   öndürilen matalardan taýýarlanylýandygyny bellemek gerek.  
Trikotaž önümleriniň täze görnüşleri – switerler, mekdep okuwçylary üçin gursakçalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary üçin  çabytlary öndürmek pudagy ösdürmegiň geljegi uly ugrudyr. Bu taslama işläp taýýarlamalary paýtagtymyzyň Modeller öýüniň ýanynda açylan täze trikotaž bölüminde alnyp barylýar.
Şeýlelikde, häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleriň döredilmegi, olary toplumlaýyn dolandyrmak ulgamynyň kemala getirilmegi, şunda hyzmatlaryň we marketing işleriniň kämilleşdirilmegi içerki bazaryň hem-de dünýä bazarynyň islegleri hasaba alnyp, geljegi has uly ugurlaryň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy – ýurdumyzyň dokma senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm şertleridir.