Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty—halkyň abadançylygynyň ygtybarly binýady

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy meýilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn esasda üstünlik bilen ýyl-ýyldan yzygiderli ýokarlandyrmagy diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet amala aşyrýar. Türkmenistan häzirki wagtda şeýle kuwwata eýedigini aýdyň görkezmek bilen, geljekde hem ilatyň girdejisini durnukly ýagdaýda artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Ozal habar berilişi ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirlýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda iň pes aýlyk zähmet haky 650 manat möçberde bellenildi. Şeýle hem pensiýanyň hem-de döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberiniň binýatlyk möçberi kesgitlenildi. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1063 manada barabar bolar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerini jemlemek bilen, soňky wagtda iňňän wajyp özgertmeleri amala aşyrmak üçin nobatdaky möhüm ädimleriň ädilendigini kanagatlanmak bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda hökümetiň geçiren oýlanyşykly işi, ýeterlik derejede daşarky we içerki ätiýaçlyklarymyzyň jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berenligi hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň oňyn görkezijilere eýe bolandygy bellenildi.
Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň garyşyk görnüşde ösen durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini emele getirmäge gönükdirilen, üstünlikli amala aşyrylýan içerki syýasaty netijesinde mümkin boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  «Ykdysady strategiýa— halka daýanyp, halkyň bähbidine» monografiýasynda öňdebaryjy özgertmeleriň baş maksadynyň, demokratik bazar özgertmeleri—her bir maşgalada doly bolçulyk— kuwwatly döwlet hökmünde kesgitlenendigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda, munuň özi, ilki bilen ösen döwlet sektory, netijeli telekeçiligi, täsirli makroykdysady sazlaşygy bolan, ilatyň ähli gatlaklaryny durmuş taýdan kepillendirýän we ähli hojalyk edaralaryny ahyrky ýokary görkezijileri gazanmaga gönükdirýän,  ýokary netijeli ulgamy tapgyrlaýyn emele getirmegi göz öňünde tutýan ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň milli modelinde ýüze çykýar. Milli Liderimiziň ykdysady strategiýasy «Döwlet adam üçindir! » diýen şygarda mazmuny takyk ýüze çykýan bu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.
Ykdysadyýeti dolandyrmakda degişli özgertmeleriň geçirilmegi döwlet maýa serişdeleriniň täsirini ep-esli güýçlendirmäge mümkinçilik berdi we eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň esasy ykdysady meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döretdi. Bu bolsa durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň  dogrudygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilmegi, ýurdumyzyň özgertmeleriň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine, ildeşlerimiziň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Diňe geçen ýylyň alty aýynyň dowamynda durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 78,7 göterimi goýberildi.
Soňky ýyllar biziň ýurdumyzda önümçilik we durmuş ulgamlaryna örän uly maýa goýumlary goýulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna batly depginler bilen girýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi ykdysadyýetiň ýokary tehnologily gurluşyndan başga-da halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyny hem görkezýär.
Birinji ýarym ýylyň görkezijileri muňa aýdyň mysal bolup biler. Oňa laýyklykda maýa goýumlarynyň möçberi 22,4 milliard manada deň boldy, onuň 55,4 göterimi önümçilik desgalarynyň, 44,6 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu makroykdysady görkeziji 5,7 göterim artdy.
Türkmenistanda ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň hem netijeliligini bellemek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary görkeziji aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, döwletiň nyrh syýasaty, hususy başlangyçlary goldamak, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleri toplumy netijesinde üpjün edilýär. Şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk haklarynyň möçberi 9,5 göterimden gowrak ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda alyjylyk nyrhynyň indeksiniň iň az derejä ýetirilmegi ilatyň girdejisiniň oňyn ösüşini şertlendirýär. Ilatyň girdejileriniň tölenilmeginiň takyk kesgitlenen möhletlerde amala aşyrylmagy hem möhüm ýagdaýdyr.
Gürrüňi dowam etmek bilen, geljek ýylyň Döwlet býudjetini düzmekde, milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda durmuş-ykdysady meselelerine esasy orun beriljekdigini hem bellemek gerek. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir etrapda we şäherde ýokary amatlylykly ýaşaýyş jaýlaryna hökmany suratda serişdeleri gönükdirmäge garamagyň zerurlygyna ünsi çekdi.
Umuman, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşi, ozal bar bolan hem-de täze döredilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak netijesinde ilaty iş  bilen üpjün etmegiň hasabyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyzda we sebitlerde her ýyl zawodlaryň we fabrikleriň, durmuş maksatly binalaryň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň onlarçasy gurulýar. Geçen alty aýda 59 bina gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa 1227-den gowrak iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.
Şunuň bilen birlikde raýatlaryň durmuş taýdan goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär. Muňa «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakyndaky» kanunyň  kabul edilmegi hem nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Bu kanun bu ugurda hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge bolan kanuny hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Durmuş syýasatyny amala aşyrmakda türkmenistanlylaryň döwrebap, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny edinmeklerine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge aýratyn üns berilýär. Bu meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaý gurluşygy ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik derejä eýe boldy. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň netijesi boýunça 713 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy.
Ýaşaýyş jaýlary gurlanda ähli zerur bolan durmuş-ykdysady infrastruktura— dükanlar, söwda nokatlary, çagalar we sport meýdançalary hem bilelikde bina edilýär. Halkymyzyň girdejisiniň artmagyny, hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny, şeýle hem maliýe taýdan goldaw bermek üçin durmuşa geçirilýän çäreleri hasaba almak bilen, täze taryhy eýýamda ilatyň aglaba böleginiň paýtagtymyzda dikeldilýän ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge mümkinçilikleri bardyr. Ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen ilkibaşda 10 göterimini tölemek şerti bilen, 30 ýyl möhlete çenli ýylda bir göterimine uzakmöhletleýin karzlar berilýär. Ýeňillikli döwür 5 ýyla çenli saklanýar we bu döwürde karz boýunça esasy bergi tölenmän, karz üçin göterim tölenýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem bar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşiniň göniden-göni oba adamlarynyň ýaşaýşy hem-de öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan amatly şertleri döretmek bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» täze rejelenen görnüşiniň çäklerinde amala aşyrylýan giň göwrümli işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Täze ilatly nokatlary döretmek bilen, oba ýerlerinde döwrebap infrastrukturalary emele getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen Kararlar oba ýerlerinde täze obalary hem içine alýan häzirkizaman düzümleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Munuň üçin uly serişdeleri bölüp bermek bilen döwlet, obalaryň ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagyny gazanmak, täze düşewüntli önümçilikleri döretmek, şeýle hem hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýerli öz-özüňi dolandyrmak düzümlerini ösdürmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Bu çäreleriň hemmesi oba ýaşaýjylarynyň hil taýdan täze ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge, olaryň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Ýylyň başyndan bäri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň üçüsinde, Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynda Bagtyýar zaman, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Zelili» geňeşliginde Berkarar zaman atly täze obalaryň, şeýle hem Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginde Döwletli zaman atly döwrebap şäherçäniň açylmagy ýokarda aýdylanlary tassyklaýar. Ol obalar ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilişi boýunça şäherlerden kem däldir.
Şunuň bilen birlikde hem hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, ähli sebitlerde hususy kömekçi hojalyklaryny döretmek, şäherlerde we şäherçelerde hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýörüte ýer gaznasyndan ýerleriň bölünip berilýändigini bellemek zerurdyr.
Şeýle hem sebitlerde soňky ýyllaryň dowamynda ýerli gurluşyk guramalary bölünip berilen ýerlerde öz hasaplaryna hem-de ýurdumyzyň ygtyýar berlen banklaryndan alynan göterimsiz karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar. Gozgalmaýan emläk üçin ýylda bir göterimli 30 ýyllyk karz serişde berilýär. Ýeňillikli möhlet 5 ýyla barabardyr.
Dowam edýän döwlet ýaşaýyş ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususulaşdyrmak işleri ýaşaýyş jaý  meselelerini üstünlikli çözmegiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Bu ugurda alynyp barylýan işler hem ilaty hususy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň ýene birnäçe möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçeliň. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki döwür ykdysadyýetinde ykdysady ösüşiň bäsleşik artykmaçlygyny gazanmakda we hil taýdan ölçeglerini üpjün etmekde adam baýlygynyň uly ähmiýeti bardyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda maýa goýumlarynyň köp bölegi adamlar üçin, ýagny ylym-bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryna gönükdirilýär.
Umuman, durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty wagtyň synagyndan geçdi, çünki häzirki zaman Türkmenistanyň kuwwaty dünýä maliýe çökgünliliginiň milli ykdysadyýetimize täsirini azaltmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşyklay, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, onuň gülläp ösüşiniň esaslaryny pugtalandyrýar hem-de halkyň durmuş derejesiniň okgunly ýokarlanmagyna ýardam berýär.