Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady, ekologiýa we medeniýet meselelerine garaldy

21.04.2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar hakynda aýtdy. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

20.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň meselelerine we resminamalaryň taslamalaryna garaldy

14.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy

07.04.2017
“Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi

05.04.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.

Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy dabaraly ýagdaýda bellenildi

02.04.2017
Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy geçirildi. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasynyň kenaryndaky seýilgäh köp sanly çäreleriň merkezine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylary we myhmanlary däbe öwrülen milli tagamlar—täze bişirilen çörekler, pişmeler, çapadylar, külçeler, süýjülikler we miweler bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

24.03.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

21.03.2017
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Kataryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşýarlar

14.03.2017
Şu gün Dohada açylýan türkmen-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.

Türkmen senagaty durmuş tehnikalarynyň çykarylmagyny özleşdirýär: ýurdumyzyň tozan sorujylary we elektrik demojaklary peýda bolar

10.03.2017
Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işler amala aşyrylýar.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS