Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady

26.11.2016
Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýylyň Döwlet býujetini kabul etdi

23.11.2016
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen birnäçe kanunlar hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Türkmenistan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrýar

23.10.2016
«Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys» — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Dünýäniň maliýe toparlary Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler

13.10.2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty—halkyň abadançylygynyň ygtybarly binýady

03.08.2016
Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy meýilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn esasda üstünlik bilen ýyl-ýyldan yzygiderli ýokarlandyrmagy diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet amala aşyrýar. Türkmenistan häzirki wagtda şeýle kuwwata eýedigini aýdyň görkezmek bilen, geljekde hem ilatyň girdejisini durnukly ýagdaýda artdyrmagy göz öňünde tutýar.Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy meýilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn esasda üstünlik bilen ýyl-ýyldan yzygiderli ýokarlandyrmagy diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet amala aşyrýar. Türkmenistan häzirki wagtda şeýle kuwwata eýedigini aýdyň görkezmek bilen, geljekde hem ilatyň girdejisini durnukly ýagdaýda artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmen dokmasynyň görnüşleri we bäsdeşlige ukyplylygy artýar

12.07.2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dokma senagatyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary arassa pagtadan hem-de ýüpekden, şol sanda ýokary hilli täze taýýar önümleriň hasabyna önümçiligiň görnüşlerini we möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýärler.

Gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünligi

10.07.2016
Ýurdumyzyň edermen gallaçylary ýetip gelýän Galla baýramyny aýratyn joşgun bilen garşylaýarlar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna olar ajaýyp zähmet üstünligini gazanyp, eziz Watanymyzyň bereketli harmanyna guşgursak dänäniň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan-pakistan bölegindäki gurluşygyna ilkinji pul serişdelerini goýberdi

03.06.2016
 3-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 milliondan gowrak dollar bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

Birža täzelikleri 29-njy Maý

29.05.2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

25.05.2016
2016-njy ýylyň 23-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy jenap Suma Çakrabartini kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda myhmansöýerlik we ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi, munuň özi özygtyýarly Türkmenistana dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde içerki ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berdi.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS