Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

13.01.2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

06.01.2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

16.12.2016
2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.
Şol desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menzili, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.12.2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň  nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Owadandepede gurulýan gaz-himiýasy kärhanasy ýylda Euro-5 ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer

14.12.2016
Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň golaýynda gurulýan täze önümçilik ýylda 1,785 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki ýangyç çykarmaga niýetlenendir. Gurulýan toplumy 2018-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär

14.12.2016
Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde gök önümleriň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Bu täze desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin welaýatyň azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy.

Türkmenistan-GFR: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek

01.12.2016
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Merkezi Aziýada German ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen foruma hökümet düzümleriniň, GFR-iň işewürligini ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň paýtagtamyza gelen toparynyň düzüminde dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen, hususan-da, “Robert Bosch”, “Wilhelm Layher GmbH&CO. KG”, “MC Bauchemie Müller GmbH&CO. KG”, “Trubatec GmbH”, “Germany Trade and Invest”, “Deutsche Sparkassenstiftung” ýaly iri şereketleriň 70-e golaýynyň işewürleri bar. Foruma türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady

26.11.2016
Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýylyň Döwlet býujetini kabul etdi

23.11.2016
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen birnäçe kanunlar hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Türkmenistan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrýar

23.10.2016
«Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys» — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS