Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (12.09.2019)

Сообщение об ошибке

Deprecated function: The each() function is deprecated. This message will be suppressed on further calls в функции menu_set_active_trail() (строка 2405 в файле /var/www/user1227/data/www/minfin.gov.tm/includes/menu.inc).

1. LOT № 100.
Gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT № 337.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çägindäki täze şäherçäniň suwaryş ulgamynyň gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

3. LOT № 394.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň zerurlyklary üçin inžener üpjünçiligine möwsümleýin idegleri geçirmek üçin gerek bolan dürli görnüşli boýaglary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT № 560.
Aşgabat-Ýerbent magistral suw geçirijisiniň 6-njy we 17-nji kilometrleriniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

5. LOT № 568.
Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň zerurlygy üçin azyk gullugyna degişli maddy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT № 642.
Kompýuterleri, tehniki enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi.

7. LOT № 714.
Aşgabat şäheriniň Parahat - 7/3 ýaşaýyş toplumyny gurmak işleri üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.