TMweYM Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika Federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2020-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete degişli bolmadyk taraplaryň arasyndan Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär.


Söhbetdeşligiň geçirilýän wagty - 2019-njy ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere Germaniýanyň dürli kärhanalarynda tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Söhbetdeşlikde oba hojalyk pudagynyň ösüşi bilen bagly meýilnamalara ähmiýet beriljekdir.
Şeýle hem, ýöriteleşdirilen halkara toparlaryndaky okuwlara gatnaşmaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilýär. Okuwlaryň esasy ugurlary: azyk senagaty, senagatda energonetijelilik, galyndylary gaýtadan ulanmak, dikeldilýän energiýa. Bu toparlaryň okuwlary iňlis dilinde geçiriljekdir. Dalaşgärler iňlis dilini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Söhbetdeşliklere gatnaşmak isleg bildirýänler 2019-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli zerur resminamalary kabul ediş toparyna tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:
1. Ýokary bilimli bolmaly.
2. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän edara görnüşindäki telekeçilik guramasynyň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly.
3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Ähli soraglar boýunça kabul ediş toparyna aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (99312) 39 43 55, (99312) 39 45 72.


Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna gatnaşmak üçin gerekli zerur resminamalaryň sanawy


1 Şahsy kagyz
2 Pasportyň nusgasy
3 Diplomyň nusgasy
4 Zähmet depderçäniň nusgasy
5 Patentiň nusgasy (telekeçiler üçin)
6 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy baradaky kitapçasynyň göçürmesi
7 Işleýän ýerinden hödürnama (edara görnüşli taraplar üçin)
8 2 sany 3x4 surat
9 Doldurylan anketa (elektron we çap edilen görnüşinde)(Application Form)
10 Doldurylan arza (elektron we çap edilen görnüşide) (01 Datenschutzerklärung MP BMWi)
11 Dalaşgäriň gol çekilen delilnamasy (elektron we çap edilen görnüşinde) (02 Teilnahmebedingugen)
12 Kooperasion taslamanyň 1-nji we 2-nji doldurylan bendi (elektron we çap edilen görnüşinde) (2 Kooperationsprojekt)
13 PowerPoint görnüşde taslamanyň prezentasiýasy



  • Maksatnamanyň çäklerindäki okuw tejribesi barada we oňa gatnaşmak islegini bildirenler üçin niýetlenen maglumat
  • russian
  • english
  • Doldurylan anketa (APPLICATION FORM)
  • russian
  • english
  • Doldurylan arza (01 Datenschutzerklärung MP BMWi)
  • russian
  • english
  • Dalaşgäriň gol çekilen delilnamasy (02 Teilnahmebedingugen)
  • russian
  • english
  • Kooperasion taslamany kesgitlemek, seljermek we işläp taýýarlamak üçin görnüş (2 Kooperationsprojekt)
  • russian
  • english