Türkmenistanda milli intellektual ulgamy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň wezipeleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçiligiň milli ulgamy 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2008-nji ýyldan bäri bu ugurda birnäçe täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de 2013 nji ýylda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi, şeýle 2015-nji Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015–2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurtda bu ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligine degişli bolan oýlap tapyşlar, senagat nusgalary, seleksiýanyň gazananlary, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary, awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini hukuk taýdan goramak babatda döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýän dolandyryş edarasydyr.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligi goramagyň milli ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň, edebiýatyň we sungatyň gazananlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ösüşine ornaşdyrylmagyna, döwlet we halkara derejede intellektual eýeçiligiň goragynyň kepillendirilmeginiň üpjün edilmegine ýardam etmek maksady bilen döredildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň esasy wezipesi Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň, ýagny intellektual eýeçiligini goramagyň ýeke-täk milli ulgamyny döretmekden we ony dolandyrmakdan, döwlet bellige alnan senagat eýeçiliginiň obýektleri üçin gorag resminamalaryny (patentleri we şahadatnamalary) bermekden, döwlet patent-maglumat binýadyny döretmekden, awtorlyk we gatyşyk hukuklarynyň obýektlerini hasaba almakdan, intellektual eýeçiligini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny hem-de hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Senagat eýeçiliginiň, ýagny oýlap tapyşlar, senagat nusgalar, haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýeriniň atlary, ösümlikleriň täze görnüşleri we mallaryň täze tohumlary boýunça döwlet seljermesi ýörite taýýarlyk geçen hünärmenler tarapyndan geçirilýär.
Türkmenistanda Intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýady
Türkmenistanda Intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýady esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň 4-nji bölümi, 1992-nji ýylda kabul edilen “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, 1994-nji ýylda kabul edilen “Algoritmleri, elektron hasaplaýjy maşynlary üçin programmalary, maglumatlar binýadyny we integral shemalaryň topologiýasyny hukuk taýdan goramak hakynda”, 2011-nji ýylda kabul edilen “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda”, 2012-nji ýylda kabul edilen “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda”, 2017-nji ýylda kabul edilen “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” hem-de “Senagat nusgalaryň hukuk goragy hakynda”, 2019-njy ýylyň 2-nji martynda “Rasionalizatorçylyk işi hakynda”, 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda kabul edilen “Haryt nyşanlary hakynda”, “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary.

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatdaky goşulan halkara konwensiýalary we ylalaşyklary barada

Milli intellektual eýeçiligiň ulgamy döredilenden bäri halkara hyzmatdaşlygyň ugrunda uly gadam basyldy. Türkmenistan intellektual eýeçilik babatdaky 12 sany halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň agzasy hasaplanýar.
1. Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy tarapyndan esaslandyrylýan Konwensiýasy
2. Senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž konwensiýasy
3. Patent kooperasiýasy baradaky Şertnama
4. Oýlap tapyşlar boýunça Ýewraziýa patent konwensiýasy
5. Haryt nyşanlarynyň halkara bellige alnyşygy baradaky Madrid ylalaşygynyň protokoly
6. Halkara patent klassifikasiýasy baradaky Strasburg ylalaşygy
7. Senagat nusgalaryny Halkara Klassifikasiýasy baradaky Lokarn ylalaşygy
8. Haryt nyşanlary bellige almak boýunça Harytlaryň we Hyzmatlaryň Halkara Klassifikasiýasy baradaky Nissa ylalaşygy
9. Haryt nyşanlaryň şekil elementleriň Halkara Klassifikasiýasy baradaky Wena ylalaşygy
10. Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakyndaky Naýrobi Şertnamasy

Habarlaşmak üçin : 744000, Türkmenistan, Aşgabat, ş.,
Arçabil şaýoly, 156. tmpatent@online.tm